Kämillik ýaş! Seniň bilen bile söýgi-duýgular, maksat-arzuwlar, borç-parzlar hem geldi. Öňümde-borç, parz. Kämiliik ýaşyna ýeten her bir sagdyn ýigidiň ilkinji mukaddes borjy Watan öňündäki harby borjuny ýerine ýetirmek. Watan öňünde gulluk borjum bar meniň. Watan! Sen atam-enem bilen bir hatarda ýakyn hossarym-howandarym bolduň. Raýat diýip hasaba aldyň. Raýatym çaga diýip, çagalygymy goradyň. Raýatym bilimli bolsun diýip mugt okatdyň. Raýatym asuda, parahat, bagtyýar ýaşasyn diýip, ýurduň içini-daşyny goradyň. Asuda, parahat eşretli durmuşda oýnadym-ýaýnadym, ösdüm-ulaldym, kemala geldim, ýigit çykdym. Hossar-howandar bu ataň-eneň, doglan oban, il-günüň, Watanyň. Hossar-howandar-Watana ogullyk borjum bar meniň. Ýurdumyz asuda-parahat, baý, eşretli durmuş höküm sürýär. Gaz, tok, suw mugt. Çörek mugtuň bäri ýany. Şu zatlar käbirlerimiz üçin hökman bolaýmaly ýaly bolup dur. Ýöne beýle däl. Garyp ýurtlarda çagalar bir döwüm çörek üçin zähmet çekýärler. Okamaga olarda mümkinçilik ýok. Dünýäniň käbir ýurtlarynda agzalalyklar bolup dur. Agzalalyk sebäpli adamlaryň asuda-parahat durmuşlary bozulýar, köp horluklary görýärler, adam pidalary bolýar. Şulary görüp dump, şu asuda, agzybir, baý, eşret-sapaly döwletimiziň, Watanymyzyň gadyryny bilmeli. Watanymyzyň agzybirligini, asudalygyny goramak her bir ýigit üçin parzdyr. Watanyň goragynda durmak meniň üçin uly bagtdyr. Ýokary okuw jaýynda, aspiranturada, doktoranturada okamak arzuwlarym bar. Yhlasym-ylymlar dünýäsine aralaşmak. Ýüregimiň sesi-dür saçýan dilim, Aňymyň bezegi-galamly elim. Hoş rehnetli, geljegimiň kepili, Üznüksiz zähmetiň miwesi-bilim. Daşary ýurtlara syýahat-sapar bilen gidýän watandaşlarym, şol ýerleriň gözelligi barada haýranlar galyp gürrüň berýärler. Ýöne olar üç-dört günden Watany küýsäp başlaýandyklary baradaky duýgularyny hem beýan etmän dump bilenoklar. Bir pursat gidilende-de, küýselýän-behişti Watanymyza gulluk borjum bar meniň. Watana gulluk-ogullyk borjum bar meniň. Mert pederleriň guran, ýaşan Ýurduny goramak-borjum. Şöhrady daglardan aşan Ilimi goramak-borjum. Derýa-deňiz, düz-dagyny, Şäherin, kendin, bagyny, Mukaddes ýeriniň baryny, Goramak esgerlik-borjum. Mertdir meň aslym, pederim, Duşmandan bolmaz hederim, Alyp gerçeklik edebin, Watanym goramak-borjum. Sowulmaz eşret-sapam bar, Kasamym-ähtim, wepam bar, Bolup Watana wepadar, Goramak esgerlik-borjum.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir