Güýz! Tylla şelpeli güýz! Seniň altyn gupbaň ýaraşykly ýakymly. Onuň bezemen nagyşlary nuranadan nurana. Sende kanagat, sabyr, takat bar. Sende bereket bar. Seniň haşamly keşde kimin ýere düşelen yapraklaryň juda owadan. Tyllaýy reňkiňde pelsepe bar, sazlaşyk bar, many bar. Megerem, şonuň üçindir, sen juda syrly hem-de täsin. Güýz! Ýaşlygymyň altyn arzuwlary bar sende. Çünki men güýzde doguldym. Güýzi söýýän, güýze mährimi bagyş edýän. Her ýyl güýz gelende bir ýaş ýaşarýan. Ýogsam, güýz her gezek gelende meniň ýaşymdan bir ýaş alyp gidýär ahbetin?! Ýok, ol göwnümedir, hakykatda bolsa ol her gezek gelende meniň dünýä inen günümi, çagalygymy ýatladyp, meni juda bagtyýar edýär. Her güýzde men çagalygyma dolanýan. «Güýz sersepil söýginiň, jogapsyz yşgyň ejirini çekýän ýigidiň gursagy kimin gussalydyr» diýýäňizmi?! Ýok, asla beýle däl. Jogapsyz söýgüden örtenýäne güýz sebäpkär däl, onuň tekepbirligi ýa-da türk¬men aga aýtmyşlaýyn, «ýa denirinden, ýa kömründen» diýilýän bir topar bahanalar se-bäpkär. Siňe syn etseňiz, güýzde agraslyk we hakyky söýgiňe gowuşmagyň tärleri jemlenendir. Agras güýzüň dymma tebigatyndan durmuşyň ähli sowallaryna jogap gözläbermeli. Sebäbi güýz ömür kitabynyň özeni kimin juda saýhallydyr. Güýzde gyz näziniň özboluşly şuglalanmasy bar diýýärler. Munuň şeýle bolmagy-da mümkin. Çünki güýz juda owadan hem syrly. Endamyňy dygladyp goýberýän çigrek howada ulugyzyň gyňyrlygy kimin mydama güýzüň ýarany. Ynha, şular ýaly täsinlikleri bilen güýz juda haýran galdyryjy hem-de özüne çekiji. Altyn güýzüm, tylla güýzüm, päk güýzüm! Sen altyn arzuw-hyýallarymyň göwher gaşysyň, umytlarymyň owsarysyň, nagşysyň. Sende bagtyň ak gülleri zerbap nikap örtünip, göz gamaşdyryjy gözellik döredip dur. Daştöweregi örten güýzüň saýhally görnüşleri diлlerimize aýratyn şugla çaýyp dur. Agaçlardaky selçeň ýapraklar sargylt lybasyna timar berip, nur-şuglasyny goşalandyrypdyr. Guşlar jürküldeşip, şadyýan owazyny güý¬züň bagt mukamy edip ýaýradýar. Garaz, güýzüň tylla şuglasyny her ädimde, her menzilde duýmak bolýar. Sarymeňiz gyza meňzeş güýzüm, sen owadansyň, näziksiň, päkizesiň, arzylysyň. Sende erkinligiň bagt toýy toýlanyp, tutumlar has belentden tutulýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň altyn güýzi, sen biziň arzuwlarymyzyň wysalysyň. Güýz, güýz, güýz... Gaýtaladygyňça, kerem siňýän jadyly söz bu gün diňe bir zybanymyzy däl, durmuşymyzy hem gaplap aldy. Tebigat zerewşan donuny gerdenine atynyp, il-günümiziň toý tutumlaryna berlen baýramçylyk hysyrdylaryny maýyllyk bilen synlaýana meňzeýär. Garasaň, daş-töwerek gül-güzarlyk, sargylt öwüşginlilik. Bu görnüşler sarymeňiz gyza meňzeş güýzi mazmun taýdan has baýlaşdyrýar. Hoş geldiň, ülkäme, Garaşsyzlygymyzyň 24-nji güýzi, aýagyň düşsün!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir