Beýik dana Guatama aýdypdyr: Adamzadyň öňünden duşýan, ähli belabeterleriň çeşmesi we birinji sebäbi, dar düşenjelik we nadanlykdyr. Nadanlyk-adamlaryň ezýet-horluklara getirýän iň beýik bir belasy-ýamanlygydyr. Sebäbi nadanlyk- ýagşy zada mynasyp baha bermeli deregine, erbede mynasyp baha bermegini zorlyk etdirýär. Horlyk çekilmeli däl ýer-de horluk çekdirýär we ýalançy dünýäni bakylyga kabul edip, biziň durmuşymyzy, bahasy ýok bolgysyz zatlara kowalaşyp geçiridýär we iň gymmat hakykaty bolan adamzadyň ruhy dünýäsiniň syryny bilinmekdäki wagtyny alýar. Gündogar we Günbatar mistiki ylymlarynyň sintezi AUM diýen kitabyndan Mende şu beýik danaň Guatama Buddanyň aýdan sözlerine goşulyp, adamzad „baky gezmek“ duýgusynyň aldawynda bolup gezýär hatda ol, bir hili şol ýagdaýdan çykybam bilenok. Adamyň öňünde çykýan bela beterler, şol ýagdaýdan, ýagny „bakylyk toryndan“ çykmaklyga mejbur edýär we adamzad ukudan oýanan ýaly özüne sorag berýär, „Şeýle aýralyga, şeýle pulsyzlyga, şeýle açlyga, şeýle kesel-hassalyga duçar boldym,bäh hudaýy tanaman gezip ýörüpdirin“ diýip ukudan açylan ýaly bolup durýar. Bizdäki bolup geçýän hadysalrda, meselem padşalar şol „bakylyk keseline“ ýoluganlygy üçin şeýle ýagdaý ýüze çykýar.

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir