Gurhany Kerimde matematikanyň çözgütleri Dünýädäki köp bölek halkyň dini yslam, bolup hyzmat edýär. Olaryň mukaddes kitaby Kerimi Gurhandyr. Gurhan 114 süreden ybarat bolup, dünýäniň keramatly kitaplary bilen deňeşdireniňde düzümi boýunça meňzeşligi ýokdyr. Aýtmaklaryna görä 610-630-njy ýyllarda Allahutagala Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammed pygambere aýatlar (A.S) iberlipdir. Ýöne Gurhany kitaby soň döredilipdir.(Maglumatlara görä Gurhan Muhammet Pygamber (A.S) ýogalandan soň,70 ýyl töwrek geçenden soň Gurhan Omar,Osman tarapyndan çap edilip, garalamasyny ýok edýärler). Gurhana bolan düşündirişler, hadyslarda we teswirlerde berilýär. Gurhanda adamzat üçin ýöne ýerden aýatlaryň iberilmändigini bir sürede belläp geçýär, ýagny onda “Eger adamlar bilen jynlar Gurhan ýaly kitaby döredip bilmejekler, sebäbi muny döretmekde iki jynsyňam (adam we jynam) ygtyýary ýokdyr. Şonuň üçinde Kurhanda ähli danalyk we kämillik ýatandyr” diýip agzap geçýär (17 süre. 90 aýat) Gurhanda häzirki zaman ylmy maglumatlary tapsaň bolar. Onda ylmy maglumatlaryň tapylýandygyna sübhesiz garasaň bolar. Şeýelelikde Gurhanyň özi- düzümi boýunça çylşyrymly diýip hasap etsekde, eýsem onyň taryham we teswirlemesem çylşyrymlydyr. Şonuň üçinde näçe asyrlar geçsede prinsipler we aňlatmalar şeýle hem tarykatlar bir düşünje bilen gelenokdyr. Dini teswirnama we deňeşdirme ýeke fundemental ylymyň üsti bilen ykrar etmek esaslanandyr. Ýeke şonuň ýaly ýagdaýda keramatly kitaplaryň hakykat manysyna düşünişmek bolar. Watt Montgomeri. «Orta asyrdaky Ýewropa yslamyň täsiri atly kitabynda (M.1976 sah.65) » şeýle setirleri ýazýar “Haçanda araplaryň (Aw.belgisi: elbetde orta aziýanyň bilimli adamlarynam göz öňine tutmak bolar) ylym barlag işlerini göreniňde, poýeziýa we edebýatyny, şeýle hem filosofiýasyny göreniňde, ýewropalylar arapsyz öz filosofiýa bilen edebýatyny tiz wagytda özgerdip bilmezdiler. Ýewropylylar öňe gitmezden araplardan ähli zatlary öwrenmek mejbur boldylar” Meselem aý gün hasaplanylanda Hijir (aý kalendary) boýunça 354,36667 gün, ýagny 354 gün,8 sagat, 48 min 35 sek, gün kalendary boýunça 365,24219 gün. Aratapawudy 11 güne golaý (10,8755 gün ara tapuwud) şol 11 günden 1 ýyl geçmek üçin 33,5839 ýyl geçmeli eken. Bu barada Gurhanyň Assahab al-Kahf (“Gowak”) diýip atlandyrýan 18-nji süresinde Dakýanus diýen patşalyk döwründe, padşa Bir iki sany oglan we Kytmyr diýen iti tutup özine iman etmekligi, Alla derek özine ýeke täk Alladygyny aýtmagyny buýurýar, emma ol bir iki sany oglan we Kytmyr diýen iti bilen ondan gaçýalarda bir gowaga baryp Alladan goramaklygy dileýär, şonda Gowagyň agzy beklenip, gowagyň içindäki oglanlar we it uka gidýäler. Turanlarynda bir birinden näçe gün ýatdyk dp soraýarlar, emma bir gün ýa-da iki-üç sagat ýatandyrys diýip pikir edýäler, bular jübisindäki pulyna bazarda bir zat aljak bolanlarynda, bazardaky satyjy alan puluna geň görýäler, nirden bu pul hazynany tapdyň diýip, sebäbi o pul Dakýanus döwründäki pul bolup,o pula 300 ýyl töwerek geçipdir. Oglanlar özi we iti barada bazarça gürriň berýär. Gurhanyň 18 nji süresiniň 24-nj aýatynda “Olar gowakda 300 ýyl boldylar, üstinede 9 ýyl goşdylar” diýen setirleri bardyr Gurhandaky agzalan 309 ýyly arifmetik hasaplarynyň düzgini şeýle hasaplamalardan ybaratdyr: 365, 24219(girgorýan kalendary) х 300 (ýyl) = 109572, 65 gün; 109572,65 : 354,36667(hijri gün)=309,2 ýyl; Takmynan 309,2 ýyl-300 ýyl=9,2ýyl bolupdyr Şeýleleikde Gurhandaky aýdylan kalendarynyň ara tapawdy 9 ýyl bolup durýar (Dowamy bar)

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir