Munýos drony dörediji ussa, özbaşdak öwrenip ylym alan Meksikaly emigrant Jorj Munýos uçujysyz uçýan –dronlary öndürmekde ABŞ-nyň iň uly kompaniýalarynda işläp gelýär. Ol çagalygyndan bäri iki zat bilen meşgullanyp gelipdir, birä kompýuter, ikinjisem uçar (samalýotlar) bolupdyr. O häzirlikçe ABŞ-nyň öňde baryjy dronlaryny öndermekde baştutany bolup durýär. Jorj Munýos 2007-nji ýyllarda Meksikadan ABŞ-na iş gözlegine gelýär, ýöne ol işe durmak rugsady üçin 7 aý garaşmaly eken. Onuň aýtmagyna görä hamala bir ullakan tussaghanada duran ýaly bolupdyr. Şol wagytlar Munýos 20 ýaşynda eken. Ol we onuň jorasy bilen Los Anjelesiň şäheriniň çäginde ýerleşipdir, grin-karty bolmanlygy sebäpli, ofisal işlemäge we okuw jaýyna girmäge mümkinçiligi bolmandyr. Ýöne munuň ýaly bökdençlige garaman, öz gowy görýän işine başlapdyr, ýagny kompýter bilen (samalýot) uçar bilen meşgullanandan soň ol garažynda pilotsyz uçar dronlary ýygnamakda meşgul bolupdyr. Dron gurmak- örän çylyşyrymly enjäm, ýokary tehnologiýaly mikroçipler otyryp foto we wideo ýazgysyny etmek ukyby bar. Surat:Munýos drony barlaýar Munýos dron awtopilot uçaryny ýasamak üçin, öň ulanyp taşlanan plaýstaýşen, w.ş.m zatlardan mikroçiplerini goparyp elektroshemalary duhowkada çatmak başardypdyr. Garaz bir näçe ýyldan soň, öz garažyny 3D Robotics atly kompnaiýa döredip 2015-nji ýylda 50 milýon dollar gazanmak başardypdyr. Suratda:Munýos drony tejribeden geçirýär Birinji inwestisiýa. Munýos birinji tejribeli dronyň üstinde işleýäke, öz iş edýänligi barada maglumaty saýtda goýup özi ýaly dron dörediji ussalar bilen habarlaşyp tejribe alyp bilipdir. Dron ýasamakda bir, jan köýerleriň biri, Munýosyň edýän işine guwanyp, onuň proýektine 500 dollar sowgat berýär. Ol jan köýerleriň biri ady belli žurnalist we ýazyjy Kris Anderson we San Fransiskaň “Wired” diýen žurnalynyň baş redaktory eken. Munýos we Anderson elektron hatlar ýazyşyp telefon arakaly bile işläp bir näçe görnüşli dronlary ýasap satypdyr, we dronlaryň ähli görnüşem üstinlikli geçipdir. 2009-njy ýylda Munýos bilen Anderson dronlary öndürmeklikde 3D Robotics kompnaiýa döretýärler, emma kompniýa döredilýäkä ýekeje saparam bir-biri bilen duşmandyrlar, kompaniýa ymykly döredilenden soň bir-biri bilen duşýalar. Munýos tehniki inženerçilik ugurlaryna jogap berýär, Anderson biznes, inwesisiýa bilen meşgullanýar Dron uçarlary satmakda biznes bäş ýylyň içinde görülip eşdilmedik derejesine ýetýär, özlerinä gaty ullakan haýyr getirýäler. Suratda:Munýosyň dron ýasaýy sklady Google kompniýanyň alymlary, Munýosyň dron öndüriji çalt ösüp barýan korporasiýanyň baştutan bolmaklygyna diýseň gaty geň görüpdirler. Sebäbi diýeniňde oýlap tapyjyň ne biznes bilimi nede ylym derejesi bar, o bolmanada ýokary okuw jaýyny gutarmadyk Ol internetden okap özbaşdak ylym almany ymykly öwrenipdir Munýosyň aýtmagyna göra -“geljeki “alym Googulçylar”-biziň neslimizdir. Islendik zady googuldan gözläp ylym almak we ony ýerlemek mümkinçiligi bardygyny” belläp geçýär Şeýle hem ol “kompaniýa şeýle bir tiz ösdi welin özüm bu korporasiýanyň başlygy bolanymy duýdansyz boldy, işime welini hiç ýetişip bilmedim, diýip Munýos sözini nygtaýar Munýos söziniň dowamynda öz işine örän tejribeli adamlary çagyrmalydygyny wagtynda oýlanyp ýetişendigini aýdýar Şu günler 3D Robotics kompaniýada 357 adam işleýär. Kompaniýanyň bölümleri dört şäherde ýerleşýär. Munýosyň ofisi Kaliforniýanyň Sandiýego şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagytda dronyň bäş görnüşi satylyp olaryň bahasy 740 dollardan 5400 dollara barabar. 2011-nji ýylda Munýos 1 milýon dollar ,2013-nji ýylda bolsa 10 milýon dollara barabar bolupdyr 3D Robotics biznes modeliniň esasy ünsiňi çekiji sypatam, buda açyk programma üpjinçiligi bilen baglanşyklydyr, ýagny islendik kompaniýa aç-açan görüp öz proýektleriniň mümkinçiligini artdyrmakda eken Munýos öz proýektiniň öňe giden sebäbem, öz proýektini aç-açan internetde goýyp maslahatlaşypdyr we tejribesi bilen paýlaşypdyr. Meselem hytaý kompaniýalary Munýosyň programma üpjinçiligini ulanyp bilýär eken, munuň ýaly ýagdaýda programma üpjinçiligi çalt özgerip biljegini Munýos söhbetinde belläp geçýär Munýosyň aýtmagyna görä eger ýeke özi dron ýasamkada işler geçiren bolsa, haýyr getirip biljek derejä ýetip bilmejegini nygtap geçýär Munýosa birinji wagytda emegrantlyk mümkinçiligi berilmändir, emma häzir ABŞ-nyň hemme gapylary açykdygyny gürriň berýär Aw.belgisi: dogrydanda klassiki düşünje boýunça, ylym almak üçin ýokary okuwy gutarmak hökman diýilende Jorj Munýos öz bilimini Googldan almak başardypdyr. Angilýanyň Nuýoton fizigi we orsýetiň kosmos ulgamyny döreden Korolew, urşyjy samalýotlary döreden Artobolewskiý okuw sistemany doly okamadyk ýöne özbaşdak okan alym adamlardyr, diýmek hakykatdanda ylym almak ýokary okuw sistemada bagly däl, adamyň düşünjesi we ylym almak ukybynada bagly bolup durýar. Meselem bir wakada orsýetde bolup geçipdir, bir professor hirurg öz oglyna çylşyrymly hirurgiýa operasýasyny öwredýär, emma ogly medesina institutyna girip bilmändir. Soň bir gün ýaşuly hirurg keselläp hassahana gelip bilmändir, emma operasiýa edilmeli wagyt gelende özi ýok bolmagy hassahanaçy lukmanlary gynandyrypdyr,emma şol görnükli hirurgyň ogly çylşyrymly operasiýany edip bilýänligi sebäpli oglyny hirurgiýä edip bilýänligine güwä geçipdir. Oglan operasiýany şowly geçirýär we ogly geljekde medisina institutyna girmek başartýar.

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
    Atamyrat2015 8 years ago
  • Elbetde, awtoryň makalasy gaty gyzykly. Ylymyň ösüşiniň häzirki derjesinde teoretiki çuňňur bilimi bolmadyk "alymlar" fundomental açyşlary edip biljegi uly güman astynda. Nýuton 16 asyrda ýaşap geçen, makalanyň baş gahrymany, Korolew we Artoblewski daga alym diýeniňden inžener diýseň has dogry bolar. Onsoň hem, olar ýekelikde işlemän giden uly alymlaryň kollektiwinde zähmet çekenler. Muňa garamazdan ylym we bilim almaga bolan ymtylma, bilesigelijilik we maksadyňa okgunlyk bu taryp etmeli zatlaryň iň wajyplarydyr. Sag bol awtor!
    YaSwami 8 years ago
  • Atamyrat2015 komentarýaňyz üçin köp sag boluň :)
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri