Şu gün – 24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça meselelere bagyşlanan duşuşyk geçiriler. Oňa dünýäniň görnükli Liderleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan ediler. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň geljekde hem köp ýyllyk netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Şol gatnaşyklar sebitde we dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BMG bilen giň gerimli, maksada gönükdirilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň saýlap alan strategik ugrudyr. Şu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen bir hatarda, türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini bellemek gerek. BMG-niň Täzelikler merkeziniň habar berşi ýaly, şu ýyl sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde däbe görä guralýan, her ýyl geçirilýän umumy çekişmelere belent mertebeli myhmanlaryň – döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 150-den gowragynyň gelmegine garaşylýar. Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň gün tertibi häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň onlarçasyny, ilkinji nobatda, halkara dawalarynyň öňüni almak we parahatçylykly kadalaşdyrmak, global howplara we wehimlere garşy durmak, şeýle hem dürli döwletleriň we halklaryň durnukly we durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam etmek bilen bagly möhüm meseleleriň onlarçasyny öz içine alýar. Ýurdumyzyň BMG bilen möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Munuň şeýledigine BMG-niň 2010-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ösmegine ýardam etmek baradaky Çarçuwaly Maksatnamasynyň (UNDAF) üstünlikli amala aşyrylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, hemme zady öz içine alýan, Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän bu resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, durnukly ösmegine gönükdirilendir. 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan şu ýyllaryň içinde milletleriň deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde birleşmeginiň umumydünýä işine ýolbaşçylyk edýän bu iri halkara düzümiň abraýyny berkitmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasa öwrülen halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmak munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistan bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesine daýanmak bilen, geljekde hem BMG-niň ulgamyndaky möhüm halkara düzümler bolan UNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär. Şeýlelikde, Türkmenistan BMG-niň ygtybarly, uzakmöhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň amatly, özara kabul ederlikli çözgüdini tapmaga öz mynasyp goşandyny goşýar. Dünýä bileleşigi şol meseleler üçin köpçülikleýin jogapkärçilik çekýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we käbir daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar, bu bolsa bilelikdäki birnäçe täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we amala aşyrmaga itergi berer. Olar Müňýyllygyň asylly maksatlaryna ýetmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir