“Ýurdumyzda ähli welaýatlarda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde kaşaň ymaratlar, giň döwrebap ýollar, seýilgähler, medeni-durmuş, sport desgalary, saglygy goraýyş, keselleri anyklaýyş we bejeriş ýaly köp sanly binadyr-desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Biz, bagtyýar döwrüň raýatlary, döredilýän şeýle ajaýyplyklaryň hözirini görüp ýaşamalydyrys. Aşgabat şäheriniň ähli etraplarynda geçirilýän ägirt uly işler paýtagtyň Abadan etrabynda hem giňden ýaýbañlandyrylýar. Ýagny, etrabyñ çägindäki desgalarda, ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zaman penjireleriñ oturdylmagy we jaýlaryñ daşky durky boýunça düýpli bejergi işleriniñ geçirilmegi, täze mekdepdir-çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň gurulmagy, köçeleriñ giñeldilip, аsfalt bilen täzeden düşelmegi ýaly geçirilen işler munuñ aýdyň subutnamasydyr”.

Köneler, Ishli tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir