Köneürgenç etrabynda, Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda ýerleşen. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan (unikal) ymarat diýmek bolar. Ylmy edebiýatlarda oňa Tekeşiň mawzoleýi, halk arasynda bolsa Gökgümmez hem-de din wekili Şyh Şeripbabanyň aramgähi diýilýär. Soltan Tekeş 1172-1200-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Horezmşasydyr. Bu desgada portalyň arkalaryny doldurýan stalaktidler we bütünleý adaty bolmadyk, 24 tagça bölünen, belent gofrirlenen barabanyň üstünde beýgelip gidýär. Mawy, konus şekilli çadyr görnüşindäki gümmez aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Her bir tagça stalaktid bilen tamamlanypdyr. Tagçalar biri-birine ýiti ikigyraňly gapyrgalara aýyrýar. Baraban mawy syrça kerpiçden “bantikler” tipinde goşundysy bilen sary ýylmanan kerpiçden nagyşly örülipdir. Desganyň daşarky ýüzüniň özboluşly arhitektura çözülişi saýasynda konus astyndaky barabanyň planynda sekiz burçly içerki gümmezasty kontur bilen dogry çekilen 24 burçly ýyldyz görnüşi bar. Konus şekilli çadyr görnüşli gümmeziň karniziniň aşagynda silindriň aýlawy boýunça güberdilip ýazylan arap dilindäki Gurhanyň bölekleri bilen tutuş mawy zolak gidýär. Çadyr görnüşli gümmeziň ýokarky üçden ikisi “ýolka” şekilinde örülen mawy syrçaly kerpiç bilen ýüzlenipdir. Mawzoleý 29x29x6 (6,5) sm ölçegli kerpiçden örülipdir. Öň mawzoleýiň demirgazyk ýüzüne nähilidir bir uly jaý birigýär eken.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir