Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda bedew bady bilen öňe barýan mähriban Watanymyz şu ýylyň 10-njy sentýabrynda ýene bir möhüm, taryhy we şanly waka beslendi, ýagny bu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze gurlan ajaýyp “Awaza” Kongresler merkezinde Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny uly dabara bilen açdy. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň gazananlaryny berkitmek, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, döwletimizi ösdürmek bilen bagly alnyp barylan işler we öňde durýan wezipeler hakynda giňişleýin çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Türkmenistanyň Konstitusyýasyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler barada giňişleýin durup geçip, Esasy Kanunymyzyň diňe mazmun bölegi täzelenmän, eýsem onuň gurluşynyň hem düýpli üýtgedilmegi barada belläp geçdi. Esasy Kanuna girizilen iki sany bütinleý täze konstitusion kada bolup, onuň birinjisi “adamy goramagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi” baradaky kada we ikinjisi “Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir” diýen kadadyr. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek babatda öňe süren teklipleri maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we gyzgyn goldanyldy. Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakynda” we «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyny dakmak hakynda” Permanlara gol çekip, raýatlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurdy hem-de hormatly atlary dakdy. Ýurt Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler we bu maslahatda Türkmenistamnyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň soňunda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ýüzlenmesi kabul edildi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň baş ymamy, hormatly il ýaşulusy Gurbangeldi Aýlyýew öz çykyşynda Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, tebigy gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň rejeli peýdalanylmagy, tebigatyň beren baýlyklaryny bisarpa tutmaly däldigi barasynda halkymyzyň arasynda düşündiriş işlerini geçirýändikleri hakynda belläp geçdi. Şeýle hem ol öz çykyşynda milli baýlygymyz bolan bu eşretleriň geljekki nesillerimize ýetirilmeginiň biziň öňümizde borç bolup durýandygyny aýdyp, ulanylýan gazyň hem-de suwuň tölegli bolmagyny düzgünlleşdirmegi teklip etdi. Elbetde, tebigatyň bize eçilen bu baýlyklarynyň halkymyz tarapyndan rejeli we tygşytly peýdalanylmagy baradaky mesele örän dogry meseledir. Türkmen halkynda “Arzanyň arzysy bolmaz” ýa-da “Mugt Buharda ýok” diýen pähimli sözler bar we bu sözlerde rejelilik we tygşytlylyk babatynda örän uly many bar. Aýdalyň, gaz ýa-da suw - parhy ýok, eger şularyň biri gereginden bir minut artyk ulanyldy diýsek we ýurdumyz boýunça olary ulanýanlaryň ýüzlerçe, müňlerçe däl-de, eýsem millionlarçadygyny göz öňüne getirsek, onda ençeme müň kubometr gazyň ýa-da suwuň bisarpa ulanylýandygyna göz ýetirmek gaty bir kyn däl. Şonuň üçin hem maslahatda gazyň we suwuň tölegli bolmagyny düzgünleşdirmek barada aýdylan teklip raýatlarymyz tarapyndan gazyň we suwuň tygşytly ulanylmagyny öňe sürýär. Biziň özümiz hem öçürilmän, gündiz ýanyp duran elektrik çyralaryny, gerekmejek wagty we zerur däl ýerlerde ýanyp duran gazy we kranlardan bisarpa akyp duran suwy käwagt görendiris, emma olaryň rejeli peýdalanylmagy we tygşytly ulanylmagy barada tagalla etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr.

Köneler, Ishli tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir