Şu ýylyň 15-nji sentýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň gatnaşmagynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assembleýasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa dünýäniň 80-e golaý ýurdunyň 600-den gowrak wekilleri, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Aziýa we Okeaniýa döwletlerini 62-siniň Milli Olipiýa Komitetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Şeýle hem Baş Assembleýa ýurdymyzyň hormatly myhmanlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleriniň Assossiasiýasynyň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabah we Okeaniýa döwletiniň milli komitetleriniň Prezidenti jenap Robin Mitçel gatnaşdylar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assembleýasynda çykyş eden Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň bütin Aziýa sebitinde sporty ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, bu iri halkara çäresiniň biziň ýurdumyzda geçirilýändigi üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assembleýasynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi bolsa, halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize dünýä jemgyýetçiliginiň ynamynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy bolup durýar we bu guramanyň Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýar. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýt döwletinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada taryhy şertnama gol çekildi. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin ýörite gurulýan, bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar we meýdany 157 gektar bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy halkara ölçegleri we talaplary doly göz öňünde tutmak bilen güýçli depginde alnyp barylýar. Gurulýan bu Olimpiýa şäherjiginde sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň 30-a golay we üpjünçilik ulgamlary bar hem-de bu sport şäherjiginiň gurluşygyny üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda birinji tapgyrda bellenen gurluşyk işleri doly tamamlandy, ikinji tapgyrda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň 95 göterimi we üçünji tapgyrda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň bolsa 40 göterimi ýerine ýetirildi hem-de göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygyny 2017-nji ýylyň mart aýynda tamamlap, ulanmaga bermeklik meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Baş Assambleýada çykyş etmek üçin uly hormat bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sahaba söz berdi. Hormatly myhman öz çykyşynda türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda gazanylan üstünlikleriň ählisini öz gözlerim bilen görmek meniň üçin uly hormatdyr diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowa hem-de ýurdumyzyň ähli halkyna myhmansöýerlik we Türkmenistanda Aziýa oýunlaryny guramak boýunça işleriň ruhybelentlik bilen alnyp barylýandygy üçin uly hoşallyk bildirdi. Soňra Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabah Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiýasynyň türkmen döwletiniň Baştutanyna sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ýörite hormatly sylagy gowşurdy we ýygnananlaryň we öz adyndan Hormatly Prezidentimize Forumyň netijeli işlemegi üçin döredilen mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Forumda çykyş eden Okeaniýa döwletiniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň Prezidenti Robin Mitçel hem kärdeşleriniň adyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow we Aşgabadyň ähli ýaşaýjylaryna myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormata minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň, halkara sport hereketine ýurdumyzyň goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň, umumy maksatlara ýetmekde hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň nyşany hökmünde garaýandygyny belläp geçdi. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilmegini öňi bilen ýurdumyza bildirlen hormat hökmünde kabul edýärler we V Aziýa oýunlaryna taýarlyk görmek hem-de onuň üstünlikli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna örän oňat düşünýärler. Nesip bolsa, Bitarap döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şähermizde Aziýada -2017-ä dünýä döwletlerinden geljek köp sanly belent mertebeli myhmanlar türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen hem-de ýokary derejede mynasyp kabul ediler.

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir