Gecen XX asyryn 70-nji yyllarynda kopculige dine iki sany jynsy gatnashyk arkaly yolukyan kesel malimdi. Bizin dowrumize gelip bolsa, olaryn sany 25-den gecdi. Olaryn kabirleri butinley bejerip bolmayan hasaplanyp, lukmanlar entekler hem olara garshy netijeli dermany doredip bilenoklar. Hemma malim we belli bolan adamyn immuna yetmezcilik sindromy (AIYS ) we genital gerpes wirusy sholara degishlidir. Gyzykly yeri bolsa, ynsan papilloma wirusy, sifilis we genital keseller dine deri arkaly gecyan bolup, bu halda mahsus gorag enjamlary (prezerwatiwlar) hic hili komek edip bilmeyar. In erbedi , beyle kesellere calynan her uc nasagyn ikisi entek 25 yasha dolmadyklardyr. Dunya boyunca her 15 sekuntda bir adam ine sheyle kesele ducar bolyar. Adamlar gowungoteriji gatnashyk isleginin ine sheyle guycliliginden on nahili gorkunc we agyr kyncylyklar garashyanyna yone bir goz yumyarlar. Bu tebigy yagday elbetde. Gowun isleg-arzuwlardan ot bolup yansa, yurek otly soygini islap dursa, pajygaly kysmat hakda nadip kelle agyrtmak mumkin?!. Dykgatynyza yetirmekci bolan ashakdaky maglumatlar aramyzdaky we towerekdaki yashlary bir pursatlyk gownihoshlyk yzyndan gitse nahili netijelere getiryandigini duydyrar, bu yoldan yza cekilmage yardam berer diyen umytda. 1. AIW-AIDS AIW-ynsan immuniteti yetmezcilik wirusy bolup, gecyan immun yetmezciligi sindromynyn sonky basgancagy hasaplanyar. Munda adam organizminde kop sanly howply osuntgiler peyda bolyar, infeksiya, durli wirus, bakteriya, cishler getirip cykaryjy infeksiyalar mowc alyar. Adatca sagdyn adamlar organizmi olara garshy goreship biljek derejede yeterlik immun ulgamyna eye bolyar. AIW yagdayyndan bolsa yonekey gripp wirusy hem ynsan organizmini «tamam» edip bilyar. Unutmazlyk gerek, AIW.ni bejermek mumkin dal, ony gymmatbaha derman serishdeleri komeginde bir az wagt saklap durmak mumkin dineje. Resmi maglumatlara gora bugun dunyade 42 milliondan gowrak AIDS.e ducar bolan keselliler bellige alynan (Yene millionlap keselliler ozunin kesel ekenligini bilmeyar yada muny hemmeden syr saklayar). Olar sany her guni 14munden gecip baryar. AIDS.in yokusyan yollary:gan arkaly-jynsy gatnashyk, shpris, kate gowreli ayaldan cagasyna. 2. Sifilis. Jynsy gatnashyk wagtynda gecyan keseli treponem mikroorganizmler getirip cykaryar. Ilki nasaglyk bir ay dowamynda inkubasion rejimde gecyar. Shondan son deri, icki organlar, sunkler we nerw ulgamy shikeslenyar. Kesellik uzak wagt, diysen kyn we ence gymmat dushyan bejergini talap edyar. 3. Hlamidioz. Klinik kartasy: deri keselleri icinde «lider». Her yyly bu kesele ortaca 100 million adam ducar bolyar. Bu dunyade jynsy gatnashyga aktiw bolan erkek we ayallaryn 5-15%.i diymekdir. Keseli Hlamidioz -Chlamidia trachomatis getirip cykaryar we siydik yoly keselleri, erektil funksiyanyn peselmegi hem-de onelgesizlige alyp gelyar. Sheyle-d hlamidioz ateroskleroza, sunklerin ishjenliginin peselmegi, gan-damar keselleri, hat-da suyji diabetinin rowaclanmagyna hem sebap bolyar. Onun korluge alyp baran yagdaylary hem bellige alynan. Hlamidioz dowamly gornushde immun ulgamyny peseldip, organizmin oz-ozuni goramak guyjinden mahrum edyar. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, kesel ejeden cagasyna. 4. Gonoreya. Bu infeksion keseli gonokokklar getirip cykaryar. Olar siydik cykarysh yollary, goz, agyz boshlugy we goni iceganin nemli gatlagyny shikesleyar. Onun ilki alamatlary peshew cykarysh wagtynda agyrylar we gysylmalar, durli ayratynlyklar bn goze gorunyar. Bu wagtda lukmana yuz tutulsa, keseli arzanrak we ansatrak, tizrak bejermek mumkin. Yogsa-da alamatlary agyrlashyp, hroniki gornushe gecyar. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, shahsy gigiyena enjamlary- icki geyim, mochalka, supurgicler. 5. Trihomoniaz. In gin yayran siydik yoly kesellerinden. Yer yuzunin ilatynyn takmynan 10%.i bu kesele ducar bolan. Onun yayradyjysy bir oyjukli yonekey trihomonad parazitidir. Bu kesel agyr netijelere alyp gelmegi mumkin, hat-da erkek we ayal onelgesizligine sebap bolyar. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, unitaza oturmak. 6. Mikroplazmoz. Mikroplazmoz- urogenital zonalaryn infeksion-basym yagdayy bolup, mikroorganizmlerin Mycoplasma gornushine degishli mikroblary getirip cykaryar. Olar janly organizmdaky oyjuklerde parazitlik edip, garashsyz yashamaga ukyply dal. Bu gornushdaki mikroblar dernew edilmedik. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, gowreli eneden cagasyna. 7. Ureplazmoz. Bu deri keselini ureaplazma diyip atlandyrylan mikroorganizmler getirip cykaryar. Statistik maglumatlara seredende,70% ayallar olaryn yayradyancysy hasaplanyar. In howply tarapy, keselin alamatlary gizlin gecyar. Adatca ureaplazma o diyen aktiw bolmayar. Yone stress we immun ulgamyny peseldiji basga yagdaylarda olar guyclenyar. Ylmy barlaglarda ureaplazmalar spermatozoidlar ishjenligini yok edip, olary butinleyin yok etyanligi subut edilen. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, gowreli eneden cagasyna. 8. Genetal gerpes. Genital gerpes yada ikinji derejeli gerpes dodaklarda peyda bolyan ucugy getirip cykaryan gerpes wirusynyn (uchuk) «garyndashy» hasaplanyar. Munda organizme zeper yetyar. Jumleden, gerpes jynsy agzalar, deri, goz, immunitet peselen yagdayda, bagyr, ashgazan we bash beynini shikesleyar. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, derinin shikeslenen bolekleri bn gatnashyk-el, dodak we basgalar. 9. Pedikulez Bu kesel 20-asyryn ortalaryndan gin yayrap bashlady. Esasy alamatlary gaty gijemek, kulrenk-gogumtil tegmiller, yaralar, sachda sirkelerin peyda bolmagy. Gecish yollary: jynsy gatnashyk, ulanylyan enjamlar arkaly ( supurgicler, eshikler we bashgalar) 10. Ynsan papillomawirusy. Ynsan papillomawirusy in dowrebap kesellerden biri. Durli ceshmelerde reproduktiw yashdaky 70-95 % ynsanlarda ol haysydyr derejede rowaclanany bellik edilen. Hazirki wagtda keselin yuzden gowrak gornushi anyklanan. Olaryn dine 40 gornushi ters tasir gorkezmek hasiyetine eye. Galanlary zyyansyz yada acyk alamata eye dal. Yatgy boyny raky keselinin rowaclanmagyna hem bu kesel sebap bolmagy mumkin. Munda ynsan papillomawirusy ilki jynsy gatnashyk yoly bn gecyar we sonra rakyn mowc almagyna sebap bolyar. Gecish yollary:jyns gatnashygy. 11. Gepatit V. Gepatit V (HBV) dunya boyunca gin yayran we diysen yokanc kesel. Her yyly ortaca 4 million adam bu keselin agyr gornushine ducar bolyar. Bu kesel wirusy ganda uzak wagt saklanyp durmagy we ilki alamatlaryny yyllar gecenden son gorkezip bashlamagy mumkin. Gepatit V wirusy dashky tasirlere diysen cydamly. Guran gan damjasy, almaz (paki) yada inne ujunda bir hepda cenli jan saklamagy mumkin. Basga ynsanlar derisi yada nemli gatlagyna dushmek bilen kesel rowaclanyp bashlayar. Ilki alamatlary griplemege menzeyar. Bir nace hepdeden son bolsa ishdanin birden duship gitmegi, sag gapyrga asty boleginde agyry, gaytarmak bashlayar, peshew renki goyulashyar, uly taret renksizlenyar. Immunitet guycli bolan yagdayda, kesel 90% yok bolyar. Yone kesel hroniki gornushe gecse bagyr oyjuklerine shikes yetip bashlayar we rak mowc almagy mumkin. Gepatit V gecish yollary: jynsy gatnashyk, kesel gany degen serishdelere deginmek, gowreli eneden cagasyna. Bu gunki gunde kopculik gownihosh gezmegi isleyanler «howpsuz jynsy gatnashyk» barlygyna ozlerini gaty ynandyrypdyrlar. Olar oylap gormeyarlerda, beyle enjamlar peyda getirmeyan bolsa, deri keselleri nadip bu derejede mowc alyp gidyanine? Ynam bn aytmak mumkin, gorag serishdeleri (prezerwatiwler)in ynamlylygyna hic kim hic hili garantiya berip bilmeyar? Unutmañ!!! Jynsy gatnaşykda dürli kesellerden goranmagyñ 100 prosentlik kepili, bu-iki butinley sagdyn erkek we ayal ortasyndaky jynsy gatnashykdyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir