Şu gün­ki gün­de Jeff­ri Be­zo­syň dö­re­den şe­re­ke­ti dün­ýä­de iň uly in­ter­net – dü­ka­ny­dyr. Söw­da­nyň gur­lu­şy­ny öz­ger­den bu kom­pa­ni­ýa, sa­tuw­la­ry in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly ama­la aşy­ryp, uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Hä­zir biz Jeff­ri Be­zo­syň nä­dip öz “Ama­zon”-yny dö­re­den­li­gi­niň üs­tün­de du­rup ge­çe­ris. Ol hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iri mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň gy­zyk­ly ta­ry­hy ba­ra­da bolar. Baş­lan wag­ty Jeff­ri Be­zos 1964-nji ýy­lyň 12-nji ýan­wa­ryn­da ABŞ-nyň Nýu-Mek­si­ko şta­ty­nyň Al­bu­ker­ke şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ny Hýus­ton­da ge­çir­ýär. Çün­ki onuň ka­ka­ly­gy Jeff­ri ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy “Exxon Mobile” işe geç­ýär. Eý­ýäm ça­ga­ly­gyn­dan Jeff­ri­de teh­ni­ka bo­lan uly is­leg dö­re­ýär. Ol he­mi­şe haý­sy­dyr bir tä­ze ab­za­lyň üs­tün­de iş­läp­dir. Hat­da ol bir ge­zek sig­na­li­za­si­ýa en­ja­my­ny ýa­sa­ýar. Be­zos mek­de­bi gy­zyl dip­lom bi­len ta­mam­la­ýar. Ol 1982-nji ýyl­da Prins­ton uni­wer­si­te­ti­ne oku­wa gir­ýär. Talyp ýyl­la­ryn­da Jeff­ri­de bi­li­me bo­lan hö­wes has-da art­ýar. Ne­ti­je­de, ol okuw mek­de­bi­ni ab­raý bi­len ta­mam­la­ýar. “Woll-Strid” Be­zo­syň il­kin­ji iş ýe­ri bol­ýar. Ol bu ýer­de ýö­ne­keý komp­ýu­ter­çi bo­lup iş­le­ýär. Ýe­ne-de bir­nä­çe wagt­dan Jeff­ri “Fi­tel” kom­pa­ni­ýa­sy­na işe geç­ýär. Bu ýer­de oňa has gy­zyk­ly işi ber­kid­ýär­ler. Be­zo­syň öz üs­tü­ne alan we­zi­pe­le­ri­ne iri ul­ga­my herta­rap­la­ýyn ös­dür­mek iş­le­ri gi­rip­dir. Şeý­le­lik­de, ol eý­ýäm 26 ýa­şyn­da­ka “Ban­kers Trust” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti bol­ýar. Bu onuň dur­mu­şyn­da üýt­ge­şik kar­ýera ösü­şi bol­ýar. Ýa­ňy 26 ýa­şy do­lan ýi­gi­diň wi­se-pre­zi­den­tligi eýe­le­me­gi üçin tej­ri­be­si he­niz ju­da az­dy. Emma bu Be­zo­sa de­giş­li däl­di, çün­ki ol he­mi­şe işi­ne çyn­la­kaý çe­me­leş­ýän üýt­ge­şik şahs­dy. Ýö­ne bu Be­zo­sy ka­na­gat­lan­dyr­ma­ýar. Eý­ýäm ol 1990-njy ýyl­da “Shaw” kom­pa­ni­ýa­sy­na işe ge­çip, ol ýer­de baş wi­se-pre­zi­den­tiň we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär. Bu Jeff­ri­niň iň soň­ky iş ýe­ri­di – onuň şon­dan soň­ky dur­mu­şy “Ama­zon. com.” bi­len bag­ly bol­ýar. Be­zos 1994-nji ýyl­da “Shaw”-dan gaýd­ýar. Onuň üs­te­si­ne-de, ol eý­ýäm, maş­ga­la­ly­dy we on­da in­ter­net ar­ka­ly ki­tap söw­da­sy­ny gu­ra­mak ide­ýa­sy dö­re­ýär. Bu me­se­le­de onuň ýa­zy­jy aýa­ly hem bel­li bir de­re­je­de tä­sir eden bol­ma­gy müm­kin. Her ni­çik bol­sa-da şol dö­wür­ler­de in­ter­ne­tiň meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­lan wagt­la­ry­dy. El­bet­de, ol giň­den ýaý­ra­man­dy, ýö­ne onuň şeý­le bol­jak­dy­gy kö­pe mä­lim­di. Be­zos öz şah­sy iş­le­ri bi­len meş­gul bol­mak üçin Sietl şä­he­ri­ne git­me­li di­ýen ka­ra­ra gel­ýär. Şeý­le­lik­de, ol 1994-nji ýyl­da Nýu-Ýork­dan gid­ýär. “Ama­zon.com” kom­pa­ni­ýa­sy 1995-nji ýyl­da öz işi­ne baş­la­ýar. “Ama­zon”-yň ösü­şi köp san­ly in­ter­net-star­tap­la­ry bi­len bir­lik­de baş­la­ýar. Ýö­ne ol ga­zan­ma­gyň we ha­sap­la­şyk ge­çir­me­giň ýol­la­ry bo­ýun­ça uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­ýär we köp san­ly in­ter­net-star­tap­la­ryn­dan ymyk­ly öňe saý­lan­ýar. Jeff­ri Be­zo­sy bol­sa, tiz ösüş däl-de ge­le­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýar­dy. Şeý­le­lik­de, edil beý­le­ki in­ter­net kom­pa­ni­ýa­la­ry ýa­ly “Ama­zon” hem tiz ösüş ga­zan­ýar. Şol dö­wür­de kom­pa­ni­ýa ba­ra­da ýa­zy­lan ma­ka­la­lar­da ju­da gap­ma-gar­şy­lyk­ly seslenmeler bar­dy. Kim­dir bi­ri “Ama­zon”-yň ösü­şi ýa­ly hem pe­se düş­jek­di­gi­ni ýaňzytsa, ýe­ne bi­ri Jeff­ri Be­zo­syň ge­ni­al­ly­gy ba­ra­da ýaz­ýar­dy. Umu­man, kom­pa­ni­ýa­nyň ge­le­je­gi­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy ba­ra­da bel­li bir dur­nuk­ly pi­kir ýok­dy. 1997-nji ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň IPO (Initial Public Offering) çy­ky­şy bo­lup, öz paýnamalaryny köpçülige hödürleýär. “Ama­zon” hem edil beý­le­ki köp­san­ly in­ter­net-star­tap­lar ýa­ly ser­ma­ýa­dar­lar üçin tam­şan­dy­ry­jy bö­le­jik­di. Şeý­le­lik­de, Jeff­ri Be­zo­syň kom­pa­ni­ýa­sy­na ma­ýa go­ýan­lar ýal­ňyş­man­dy. “Ama­zon”-yň ar­tyk­maç­ly­gy Nä­me üçin di­ňe “Ama­zon.com”-a dün­ýä­de iň uly in­ter­net dü­ka­ny bol­mak ba­şar­dyp­dyr? Bu so­wa­la jo­gap ber­mek ýe­ňil däl. Ýö­ne eger-de otu­ryp pi­kir et­seň, bir­nä­çe ýag­daý­lar ýü­ze çyk­ýar. Bi­rin­ji­den, kom­pa­ni­ýa uzak ge­le­je­gi na­zar­la­ýar­dy. Ikin­ji­den bol­sa, “Ama­zon” he­mi­şe kä­mil­leş­me­giň ug­run­da­dy. Kom­pa­ni­ýa di­ňe müş­de­ri­le­ri ug­ruk­dy­ryp bil­mek päs­gel­çi­lik ber­ýär­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýe­ne-de bir üs­tün­li­gi hem di­ňe ki­tap sat­ma­ga bil bag­la­ma­ýar­dy. Şu gün­ki gün­de “Ama­zon” dür­li gör­nüş­li ha­ryt­la­ry, şol san­da DVD we hat­da öý­jük­li saz­la­ry hem sat­ýar. Eger-de “Ama­zon”-yň mü­dir­li­gi ba­ra­da gür­rüň goz­ga­sak, on­da bu ýer­de ýag­daý aň­sat däl. Kom­pa­ni­ýa­da di­ňe ki­çi to­par­la­ryň üs­tün­lik ga­za­nyp bil­jek­di­gi­ni çaklaýarlar. Hut şo­nuň üçin hem “Ama­zon”-da Jeff­ri Be­zo­syň mü­dir­li­gin­de aý­ra­tyn çyl­şy­rym­ly dik bas­gan­ça­gy ýok. Äh­li iş­ler ki­çi to­par­la­ryň iş­le­ri ar­ka­ly gu­ra­lan. Iş­gär­ler saý­la­nyp al­nan­da kom­pa­ni­ýa­da her da­laş­gä­r dyk­gat­ly sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär we iň go­wu­la­ry saý­la­nyp alyn­ýar. “Ama­zon”-yň şow­ly söw­da­syn­da kom­pa­ni­ýa­nyň alyp bar­ýan dog­ry mar­ke­tin­gi hem aý­ra­tyn rol oý­na­ýar. Ol söw­da­nyň öz­bo­luş­ly ul­ga­my­ny ýo­la goý­ma­gy ba­şa­ryp, onuň sa­ýa­syn­da hem­me­ler “Ama­zon”-yň iş­le­ri­ni tiz­leş­dir­mä­ge baş­la­ýar. Ha­wa, gür­rüň “Ama­zon”-yň hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­la­ry ba­ra­da bar­ýar. Saýt­la­ryň is­len­dik eýe­si sa­tuw­dan gel­ýän gö­te­ri­miň bel­li bir de­re­je­si­ne eýe bo­lup, öz go­ry ar­ka­ly “Ama­zon”-yň önüm­le­ri­ni sa­typ bil­ýär. Şeý­le kuw­wat­ly ul­gam­da hiç bir ma­li­ýe çök­gün­li­gi gor­kunç däl­dir. Şu gün­ki gün­de ol bü­tin dün­ýä­de gür­rü­ňi edil­ýän tä­ze tas­la­ma­la­ra baş­la­dy. Esas­lan­dy­ry­jy ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa .. “Ti­me” žur­na­ly 1999-njy ýyl­da Jeff­ri Be­zo­sy ýy­lyň adam­y di­ýip, yg­lan et­di. “Ama­zon” ba­zar­da on­laýn sa­tu­wy ýo­la go­ýan örän tä­sin kom­pa­ni­ýa­dyr. Gy­zyk­ly ýe­ri hä­zir­ki wagt­da Jeff­ri bu kom­pa­ni­ýa­da 1998-nji ýyl­da özü­ne bel­le­nen aý­ly­gy al­ýar. Ol şol dö­wür­de özü­niň aý­lyk ha­ky­nyň ýyl­sa­ýyn art­dyr­ma­ly däl­di­gi ba­ra­da ka­ra­ra ge­lip­di. Eger-de “Ama­zon”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy­nyň daş­ky keş­bi­ni syn­la­sa­ňyz, onuň dün­ýä­niň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy di­ýip, pi­kir et­mer­si­ňiz. Ýö­ne bu mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça äh­li biz­nes­men­le­re di­ýen ýa­ly de­giş­li bo­lup, bu ýer­de ge­ňir­ge­ne­re zat ýok bol­sa ge­rek. Be­zo­syň di­ňe bir tas­la­ma bi­len oň­man­dy­gy­ny hem bel­läp geç­me­li­di­ris. Ol 2000-nji ýyl­da “Blue Ori­gin” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­dy. Bu kom­pa­ni­ýa edil Ri­çard Bren­so­nyň “Vir­gin Ga­lactici” ýa­ly su­bor­bi­tal ja­han­keş­de­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­ýar. Jeff­ri özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ry kos­mo­nawt bol­ma­gy ar­zuw edýär eke­n. “Ama­zon”-yň işi­niň beý­le­ki ugur­la­ry Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de ha­sap­la­ýyş en­jam­la­ry­nyň baş ýö­rel­ge­si uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir çyl­şy­rym­ly ha­sap­la­ma­lar üçin ni­ýet­le­nen güýç­li komp­ýu­ter­le­ri­ni kä­ren­de­si­ne ber­ýär. Onuň üs­te­si­ne-de, ge­le­jek­de kom­pa­ni­ýa ga­zan­jyň hut şeý­le gör­nü­şi­ne bil bag­la­ýar we oňa esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ry ber­ýär. “Ama­zon” 2006-njy ýyl­dan bä­ri özü­niň ha­sap­la­ýyş kuw­wat­lyk­la­ry­ny kä­ren­de­si­ne ber­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. “Ama­zon Web Services”-iň ýol­baş­çy­sy komp­ýu­ter­ler­den gel­ýän hä­zir­ki gir­de­ji­ler­den we ola­ryň ge­le­je­gin­den örän ra­zy­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýö­ne “Ama­zon Web Services” gir­de­ji­le­ri we çyk­da­jy­la­ry ba­ra­da anyk san­la­ry ge­tir­män­di. “For­bes” žur­na­ly ge­çen ýyl “Ama­zon”-yň komp­ýu­ter­le­ri­ni kä­ren­de­si­ne ber­mek­den gel­ýän gir­de­ji­le­ri­niň ha­sa­by­ny çy­ka­ryp­dy. Şon­da “Ama­zon”-yň je­mi gir­de­ji­si­niň 45 gö­te­ri­mi­niň komp­ýu­ter­le­ri­ni kä­ren­de­si­ne ber­mek­den gel­ýän­di­gi we mu­nuň bol­sa, kom­pa­ni­ýa­nyň ki­tap söw­da­syn­dan pes otur­ma­ýan­dy­gy bel­li bo­lup­dy. Şeý­le hem in­ter­ne­tiň kö­me­gi bi­len öz elekt­ron ki­tap­ha­na­ňy dol­dur­ma­ga ni­ýet­le­nen en­jam – “Ama­zon Kind­le” hem kom­pa­ni­ýa­nyň biz­ne­sin­de uly rol oý­na­ýar. Elekt­ron ki­ta­by gös-gö­ni “Ama­zon”-yň özün­den hem sa­tyn alyp bol­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ki­ta­by elekt­ron gör­nü­şin­den oka­ma­gy söý­ýän­ler ýyl­ba-ýyl­dan ar­typ gi­dip otyr. “Kind­le”-iň üs­tün­li­gi­niň haý­ran gal­dyr­ýan­ly­gy­nyň se­bä­bi “Ama­zon” öz en­ja­my üçin as­la hiç hi­li tö­leg­li ma­ha­bat­lan­dyr­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ýar. Kom­pa­ni­ýa önü­mi­niň tö­we­re­gin­de bi­le­le­şik dö­ret­mä­ge, beý­le­ki adam­la­ryň ça­gy­ryş­la­ry we kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff­ri Be­zo­syň pi­kir­le­ri bi­len müş­de­ri­le­ri çek­mek is­le­ýär. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da gal­dy­ry­lan syn­la­ryň muk­da­ry bo­ýun­ça kom­pa­ni­ýa­nyň saý­ty­nyň elekt­ro­ni­ka bö­lü­min­de “Kind­le” bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. – Sa­tyn aly­jy­la­ryň “Kind­le” ber­ýän ba­ha­la­ry ju­da ýo­ka­ry we olar en­ja­my sat­ma­ga kö­mek ed­ýär­ler – di­ýip, “Ama­zon”-yň “Kind­le” jo­gap ber­ýän bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Ýan Frid aýd­ýar. Kä­bir ula­ny­jy­lar “Kind­le”-niň öz dur­muş­la­ry­ny bü­tin­leý öz­ger­den­di­gi­ni mä­lim ed­ýär­ler. Mu­ňa bol­sa hiç hi­li şüb­he ýok. En­jam ha­ky­kat­dan hem, örän oňat. Köp­çü­lik ony ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar. Şeý­le hem “Ama­zon”-yň öý­jük­li aý­dym-saz dü­ka­ny hem bo­lup, “App­le iTu­nes”-iň iň esa­sy bäs­deş­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, şu gün­ki gün­de “Ama­zon” mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy se­na­ga­tyn­da iň uly kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lmagynda galýar. Bu kö­pu­gur­ly kom­pa­ni­ýa bo­lup, dür­li pu­dak­la­ra bö­lün­ýär. Me­ge­rem, ge­le­jek­de “Ama­zon”-yň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­sy­nyň has-da art­jak­dy­gy­na şa­ýat bo­la­rys.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir