Essalamaleýkum gadyrly we hormatly talypkomyň agzalary biler bolsaňyz, halk arasynda oglanlary “gyz” halkyndan Alla gorasyn dp gürriňler eşdilýä, sebäbi diýeniňde “gyz” kemçinçiligi halk arasynda ymykly ornaşmana başartdy we iň erbet tarapam biziň şo ýagdaýa öwrenşmegimizdir. Arada bir-iki ýyl mundan ozal bir wakany eşitdim we şu ýyllarada şonuň ýaly waka eşitmek başartdy dogrusy. Ýagny Änewli bir oglan ,änewiň mekdebiniň 10-njy klas “şalawasy” bilen gezipdir, gyz ozalam ady belli künnti ekeni, gyz oglana sroçna özini toý edip gelin edip almagyn aýdanda oglan ýüz döndürýär, elbet-de muňa gyzyň ejesem goşulýar, gyzyň ejesi oglana şert goýar ýagny eger-de “gyzyny gelin edip almasa, prakaratura berjegini, ýöne eger-de 6000$ berse şantaž etmejegini” aýdyp geçýär. Oglanyň ýagdaýy onsuzam agyrrak, kakalary ýaş wagtynda bir erbet hata edeni üçin uzak dowamlaýyn tussaga alyp gidipdirler. Oglan köp maşgalaly bolanlygy sebäpli, ejesem bir ýerde işlemeýär we oglan bazarlarda ýükçi bolup işleýär. Oglanyň ejesi, goňşy golamlardan 6000 dollar ýygnap gyzyň ejesine berýär. Ýenede şonuň ýaly başgada maşgalasy pesiräk, kakasyz ösüp ýetişen bir oglan mekdep jelep gyzy bilen halaşyp, arasynda ten ýakynlyşygy bolmasada, gyz öziniň gelin edilip alynmasa, ejesi prakratura berjekligi barada aýdyp geçipdir, emma oglan bir azyrak mekirräk ekeni onuň aýdan şantažyny telefona ýazga geçirendigini we birinji bilen özi arz şikaýat berjegini aýdyp geçipdir, şonda o şantažçy jelep gyz pälinden el çekipdir. Indiki mesele, bir tarapdan şonuň ýaly jelep şantažçy gyzlara ýakynlaşy we tirkeşeni üçin garagy çyksyn diýsekde, erbet niýetden goranmaga hakly. Onuň ýaly gyzlaryň ejesi belki gara ýürek biznesi bilen eklensede eklenäýndir, 6000 dollar az zat däl, eger ýylda bir şantaž edende her aýda iş sarp etmän iýip içip ýatmaly. Gadym wagytlarda türkmen oglanlar aýalsyz bolmandyr, oba öýeripdir üýşip, hatda dul galan aýalam bolmandyr, dogry esasan ýaş gelin dul bolsa hyrydary pes bolmandyr,emma häzirlikçe durmuşa çykmadyk gyz el degilenden soň, onda-da bir näçe degen bolsa, onuňam ejeleri bir ärsiz künti bolsa, mümkin gyzyndam maksimal haýyr görjek bolup çalyşmagy, geň görüp otyrasy iş ýok, kämil jemgiýetde bu zatlar bolanok elbetde, ýöne gynansakda jemgiýetde aç-açan ylalaşýandygyny aýtmasada, ümsümje boýun alynýar, bu ýagdaýda jemgiýet günä işlerine gaplanyp jemgiýet dargaýar, adamata döwründen gelýän türkmen halky, ýer planetasyndan utanjyňlygyň we ar namysyny gorap gelýän halkyň, basym hiç haçan tanalaman ýitjegi hökmanydyr. Öz gyzynyň asyllylygy bilen meşgulanman, onyň erbetçilige goýberen kökinden peýda görüp ýaşaýan aýal ýada maşgala yrsgaly bolmaz we oňa nälet bolsyn. Şonuň ýaly gyzlardan ägä boluň hormatly talyp komuň agzalary, türkmenleriň bir nakyly bar, “gara gazana ýakynlaşsaň gazanyň garasy ýokar” diýipdirler, gaýtam şonuň ýaly şantaçjy gyz ýada ene tapylsa, ile ýaýradyň goý oglanlar äge bolsyn.

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir