Pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan mil­li däp-des­sur­la­ry­myz özün­de yn­san­per­wer­li­giň nu­ra­na dün­ýä­si­ni sak­la­ýar. Türk­men toý­la­ry onuň mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bir şa­ha­sy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni, ede­bi we ta­ry­hy mi­ra­sy­nyň, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň di­kel­dil­ýän­di­gi ra­ýat­la­ry­myz­da çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz­de toý däp-des­sur­la­ry aý­ra­tyn or­na eýe­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de gur­lup, ulan­ma­ga ber­len “Bagt köşk­le­ri” bu gün­ki gün türk­men toý däp-des­sur­la­ry­nyň bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da, tä­ze maş­ga­la­nyň ke­ma­la gel­me­gi, tä­ze maş­ga­la oja­gy­nyň dö­re­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýik bag­tyň hem-de söý­gi­niň ny­şa­ny bo­lup, kalp­la­ry­my­za buý­sanç duý­gu­la­ry­ny ba­gyş ed­ýär. Ha­wa,pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan mil­li däp-des­sur­la­ry­myz özün­de yn­san­per­wer­li­giň nu­ra­na dün­ýä­si­ni sak­la­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan asyr­lar­bo­ýy do­wam edip ge­len türk­men toý­la­ry onuň mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bir şa­ha­sy­dyr. Ola­ry öw­ren­mek mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Çün­ki her bir mil­li ýö­rel­ge özün­de taý­syz gym­mat­lyk­la­ry sak­la­ýar. Ol gym­mat­lyk­lar bol­sa ne­sil­le­riň kal­byn­da ata-ba­ba ýö­rel­ge­le­ri­ne bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar. Ge­lin to­ýy türk­men­ler­de toý­la­ryň naý­ba­şy ha­sap­lan­ýar. To­ýuň iň şow­hyn­ly we bagt­ly pur­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan gel­na­ly­jy des­su­ry ga­dym­dan gel­ýän “Ga­py tut­mak”, “Seç­gi seç­mek”, “Ýol tut­mak”, “Do­kuz ha­ky”, “Ke­je­be ha­ky” ýa­ly ka­da­lar bi­len do­wam et­di­ril­ýär. “Ga­py tut­mak” des­su­ry­nyň ma­ny­sy toý da­ba­ra­sy­ny, öýe ge­len gel­niň mer­te­be­si­ni art­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr. Ka­da gö­rä, gyz ata­sy öýün­den al­nyp çy­kyl­ýan pur­sady, to­ýa gat­naş­ýan aýal­la­ryň bir­nä­çe­si, ge­li­nal­jy­la­ry öý­den çy­kar­man, ga­py­ny sak­lap dur­ýar we ge­li­na­ly­jy­lar­dan su­kum-da­dym­lyk ta­lap ed­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ge­li­na­ly­jy­lar ga­py tut­ýan­la­ra hö­dür-ke­rem ed­ýär­ler. Mu­nuň özi gel­jek­de süý­jü­lik bi­len gat­na­şyl­ma­gy­na ýol aç­ýar. Türk­men­ler­de “Do­kuz ha­ky” ka­da­sy­nyň sak­la­ny­ly­şy hem çuň­ňur ma­na eýe. Gy­za ýag­şy di­leg­ler bi­len ak pa­ta ber­lip, ata­sy öýün­den ge­lin­lik hök­mün­de al­nyp gi­dil­jek ma­ha­ly, ata-ene­si oňa “do­kuz” ser­paý ba­gyş ed­ýär. Dä­be gö­rä, gy­zyň do­ku­zy­ny ge­li­na­ly­jy ug­ra­jak wag­ty öý­den onuň ýa­kyn hos­sar­la­ry alyp çy­kyp, ga­ýyn ta­rap­dan ge­len­le­re elin gow­şur­ýar. Soň­ra ýa­şu­lu­la­ryň ak pa­ta ber­me­gi bi­len ge­li­na­ly­jy ulag­la­ry­nyň ha­ta­ry gyz ýer­den og­lan ta­ra­pa şow­hun bi­len ug­ra­ýar­lar. Ge­li­na­ly­jy ha­ta­ry og­lan ýer­de şatlykly gar­şy­lan­ýar. Şol pur­sat­lar­da bagt bo­lup ak öýe ga­dam ba­san tä­ze gel­niň sag eli ýa­ga, una ba­ty­ryl­ýar. Mu­nuň özi “Ge­len gel­niň rys­gy-döw­le­ti bi­len gel­di­gi bol­sun” di­ýen ma­ny­ny özün­de jem­le­ýär. Toý­da seç­gi seç­mek toý şü­we­le­ňi­ni art­dyr­ýan dess­sur­dyr. To­ýy mü­bä­rek­läp, ge­len aýal­lar mä­re­kä­niň üý­şen ýe­ri­ne ba­ryp, süý­jü­lik hök­mün­de seç­gi seç­ýär­ler. Beýle edilmegi “ne­sip-ta­ma” yry­my bi­len bag­ly­dyr. Bu yry­ma gö­rä, her kim “bi­ze-de gyz çy­kar­mak, ogul öýer­mek ne­sip et­sin” di­ýen umyt bi­len, seç­gi­ni alyp, “Bi­ze-de ne­sip et­sin”, “Ge­lin gel­sin öýü­me, di­lim gel­sin sö­ýü­ne “ ýa­ly söz­le­ri aý­dyp, ony maň­la­ýy­na sylýar. Soň­ra bag­t­ly ýaş­la­ra däp-des­su­ra la­ýyk­lyk­da, ni­ka gy­ýyl­ýar. Ni­ka – tä­ze maş­ga­la­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Ni­ka gyý­lan­dan soň, ýaş­la­ra “süý­ji dur­muş­da ýa­şa­syn­lar” di­ýip, içi­ril­ýän süý­jü­lik su­wy, gu­şak çöz­dür­mek des­su­ry, toý şü­we­le­ňi­ni art­dyr­ýan “Ak-gök geý­dir­me” sa­na­wa­jy, gel­ne baş sal­mak, tä­ze gel­ni çö­re­ge ça­gyr­mak ýa­ly des­sur­lar bi­len do­wam ed­ýär. Tä­ze ge­lin bi­len öýe-oja­ga döw­let, bagt gel­ýär. Ge­len ge­lin öýü­ne-oja­gy­na, ba­ran öýü­niň da­şy­na-içi­ne söý­gi bi­len ga­ra­ýar. Ol daş-tö­we­re­gi­ni gal­lap otu­ran og­lan­jyk­lar­dyr gyz­ja­gaz­la­ra mu­hab­bet­li söz­ler bi­len ýüz­len­ýär. Umu­man, türk­men toý­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň çuň­ňur ma­na eýe­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. Öwez ÖWE­ZOW, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir