25-nji sentýabrda Arçman şypahanasynda sagaldyş syýahatçylygynyň ösüşine we şypahana işine bagyşlanan türkmen-täjik maslahaty geçiriler. Forumy geçirmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu başlangyç geçen ýylyň awgustynda türkmen Lideri bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň barşynda beýan edildi. Şonda Türkmenistanda we Täjigistanda meşhur şypahanalar hem-de döwrebap bejeriş-sagaldyş merkezleri ýerleşen täsin tebigy künjekleriň bardygyna ünsi çekip, Türkmen Döwletiniň Baştutany alnyp barylýan bilelikdäki tagallalaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda syýahatçylyk pudagyny we şypahana işini hem atlandyrdy. Olaryň köpüsi biziň ýurtlarymyzdan has alyslarda-da meşhur bolup, halkara ämiýetine eýedir. Olaryň mümkinçiliginiň aňrybaş derejede peýdalanylmagy köp babatda, halkara syýahatçylyk we şypahana düzümlerine ýakynlaşmak bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we bu pudakda hünärmenleriň hem-de bilermenleriň arasynda tejribe alşylmagyny nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşykda 2013-nji ýylda “Arçman” türkmen şypahanasynyň binýadynda syýahatçylygy ösdürmegiň we şypahana işiniň meseleleri boýunça hünärmenleriň bilelikdäki maslahatyny geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Arçman – Köpetdagyň etegindäki täsin ýerdir. Arçmanyň dirilik suwy baradaky rowaýatlar gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Asyrlaryň dowamynda adamlar bu ýerleriň topragynyň, gurşap alan daglarynyň, howasynyň, suwlarynyň, ösümlikleriniň gudratly güýji barada kyssalary döredipdirler we dilden -- dile geçiripdirler. Şonuň üçin Arçman mukaddes ýer hökmünde il arasynda hemme döwürlerde sarpalanypdyr we hut şu ýerde – Köpetdagyň eteklerinde Aşgabatdan 130 kilometr uzaklykda deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýüz ýyl töweregi mundan ozal, biziň ýurdumyzda şypahanalaryň ilkinjileriniň biriniň dörändigi geň däldir. Arçmanyň suwy köp artykmaçlyklara eýe bolup, düzümi boýunça Esentüki, Gagra, Pýatigorsk ýaly şypahanalaryň suwlary bilen deňleşip bilýändir. Häzirki wagtda Arçman – munuň özi biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanýan iri döwrebap sagaldyş merkezidir. 2009-njy ýylyň 28-nji noýabry “Arçman” şypahanasynyň täzeden dörän senesi hökmünde taryha girdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman”, “Ýylysuw” şypahanalarynda döwrebap sagaldyş merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir