( XII-XIII asyrlar) Orta Aziýada iň beýik hasaplanýan Gutlug Timuryň minarasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen ymarat halk arasynda Törebeg hanymyň mawzoleýi hökmünde tanalýar. 1339-njy ýylda Ürgenje gelen arap syýahatçysy Ýbn-Battuta Törebeg hanymyň we Nejmeddin Kubranyň hanakalary barada aýratyn ýatlaýar. Törebeg hanymyň mawzoleýi beýik portaldan başlanýar. Onuň iç ýüzi owadan stalaktit nagyşlary bilen bezelipdir. Portaldan soňra girelge - kiçiräk däliz ýa-da eýwan bar. Onuň çepinde kiçiräk hüjre, sagynda ýokary çykylýan aýlawly merdiwan (basgançak) bar. Dälizden göni meýdany 100 kw.metre golaý giňişlik altyburçly zala girilýär. Onuň depesinde belent äpet gümmez bar. Gümmeziň iç tarapynda içerik ýagty düşer ýaly kiçiräk penjireler bar. Olardan ýokarda bolsa kaşin keramikasyndan haşamlanyp ýasalan, dürli syrçalar bilen bezelen mozaiki nagyşlar bar. Aý aýdyň gijäniň ýyldyzly asmanyny ýadyňa salýan şu gümmeziň bezegleri astronomiýa ylmyndaky 12 burça meňzeýär. Burçlary ýatladýan şekiller 12 jübüt bolup, aýal-gyzlaryň gülýakasyna çalym edýär. Şol “gülýakalara” sahylyk bilen zer çaýylypdyr. Olaryň her biriniň ortasynda käsäniň ululygynda gaşy bolupdyr. Gümmeziň guşagyndaky 12 sany we ymaratyň göwresindäki 8 sany penjirelerden düşýän şöhle bu ymaratyň içini Ürgenjiň ähli ýadygärlikleriniňkiden ýagty edýär. Ymarat birmahal özüniň gögümtil owadan gümmezi bilen seleňläp oturan bolsa, häzir onuň demirgazyk bölegi ýykylypdyr. Muňa garamazdan ymaratyň häzirki durky hem onuň gaýtalanmajak gözelliginden habar berýär. Bu ajaýyp ymaratyň ýazgylary doly diýen ýaly zaýalanypdyr. Olaryň saklanyp galan bölegini belli arapşynas alym Nazar Halymowa okamak başartdy. Onuň ýazmagyna görä, portalda Allanyň mukaddes atlarynyň (asmau-l-lahi-l-husna) 99-yndan 20 töweregi saklanyp galypdyr. Portalyň ýazgylaryndaky azajyk bölek-büçek ýazgylar teksti doly anyklamaga mümkinçilik bermedi. Onuň sag tarapyndaky “...onuň gullarynyň öňünde...” diýen ýazgy hadyslaryň bir bölegi bolmagy mümkin. Gümmeziň iç ýüzündäki mozaiki pannoda “!a”-“Alla” dyýen ýazgy birnäçe gezek gaýtalanýar. Altygyraňlygyň köpgyraňly gümmeze girilýän ýerinde “Häkimlik Alla degişlidir” diýen ýazgy bar. Gadymy Gürgenjiň iň zynatly binalarynyň biri bolan bu ýadygärlige belli alym W. I. Pilýawskiý şeýle baha berýär: “Törebeg hanymyň mawzoleýi XIV asyr Horezm ussalarynyň iň ýokary arhitektura-gurluşyk we çeperçilik üstünligidir. Soňky ýyllarda Orta Aziýada şunuň ýaly binany döretmegi başaran tapylmady.” Sowet alymy B.W. Weýmarn bolsa “Törebeg hanymyň mawzoleýi proporsiýalarynyň takyklygy, arhitektura konstruksiýalarynyň takyklygy, ýerine ýetirilişi we dekoratiw nagyşlarynyň baýlygy boýunça hiç ýerde gaýtalanmadyk, ýokary çeperçilikli hem-de ajaýyp unikumdyr (ýeke-täk nusgadyr)” diýip hasap edýär. Törebeg hanym barada birnäçe rowaýat bar. Olaryň biri mawzoleýiň gurluşygy hakda. “Törebeg patyşanyň gyzy bolupdyr. Onuň mirasdar ogly bolmandyr. Patyşa ölensoň, ýurdy gyzy dolandyryp başlapdyr. Törebeg köp wagtlap durmuşa çykmandyr. Emma ýaşulular onuň kimedir birine razyçylygyny bermelidigini aýdypdyrlar. Horezmiň ilatynyň içinden şa gyzyna gudaçylyga barmaga hiç kimiň bogny ysmandyr. Diňe Gul Gerdan atly ussa öz söýgüsini açyk duýdurmaga milt edip bilipdir hem-de onuň üçin entek hiç ýerde gurulmadyk ajaýyp bir binany gurjakdygyny söz beripdir. Törebeg eger-de wadasynda tapylmasa we guran binasy göwnüne ýaramasa, ony jezalandyrjakdygyny aýdyp, ussanyň şertini kabul edipdir. Gul Gerdan ajaýyp bir binany tamamlapdyr, emma Törebeg ony kiçi görüpdir. Gul täzeden bar yhlasyny jemläp, başga bir ymaratyň boýuny ýetiripdir. Emma Törebeg oňa-da at dakypdyr. Ol ussany döwletiň pullaryny biderek harçlamakda aýyplap başlapdyr. Şol wagt şyh şeref atly keramatly bir ýaşuly gelip, bu ymaraty özüne satmagy haýyş edipdir. Öz göwnüne ýaraýan bu ymaraty hernäçe satasy gelmese-de, Törebeg: “Onuň içini gyzyldan doldur-da alaý!” diýipdir. Ýagşyzada goja köşgüň gümmezine çykyp, köýneginiň ýeňini onuň deşigine tutupdyr. Onuň ýeňinden seçelenen teňňeler binanyň içini doldurypdyr. Ýaşuly Törebegden: “Belki ýeterlik bolandyr?” diýip sorapdyr. -Gysgançlyk etme, atam, eçil - diýip, Törebeg oňa ýüzlenipdir. şyh şeref ýene-de tylla teňňeleri seçeläp ugrapdyr welin, ymaratyň içi darlyk edip, gümmez çat açypdyr. Häli bu güne çenli hem gümmeziň dürli ýerlerinde ýaryklar we çyzyklar bildirip dur. Altyn teňňeleri ýedi bölege bölüp, bäş bölegini ýetim-ýesirlere, dul aýallara, medresede okaýanlara we Horezmiň garyp-gasarlaryna paýlapdyrlar. Bir bölegini geljek nesilleriň paýy (nesibesi) hökmünde gizlinlikde Ürgenjiň dürli ýerlerine zyňyşdyrypdyrlar. Ýedinji bölegi bolsa, hazyna gaýtarylypdyr. Gul Gerdan deňi-taýy bolmadyk täze köşgi bitiripdir. Göreni aňk edýän bu köşk hötjet Törebegiň hem göwnünden turupdyr. Gul Gerdan gyza sözünde durmagyny ýatladypdyr. Törebeg hanym ussa köşgüň üstüne çykyp, özüni oklamagy, eger ölmän galsa, onuň hak aşykdygynyň subut boljakdygyny hem-de özüniň oňa durmuşa çykmaga razylyk berjekdigini aýdypdyr. Yşk heseri başyna uran ýigit dessine aýdylyşy ýalam edýär. Köşgüň depesinden kelemenläp gaýdan ussa ölmese-de, gülmändir. Onuň başujunda ýedi günläp doga okasalar-da, amanadyny tabşyryp bilmändir. şeýle bolansoň, ýaşulular Törebegden guluň ýanyna gelip, üç gezek batly ses bilen “Meniň tenim saňa degişli” diýmegi talap edipdirler. Eden işiniň telekdigine düşünen gyz demini sanap ýatan ýigidiň ýanyna gelip: “Men diňe seniňki...” diýip gaýtalansoň, guluň rahatlyk bilen demi sogrulyp, ruhy bakyýete gidipdir. Aýtmaklaryna görä, ussany öz guran köşgüniň aşagynda jaýlap, gapdalynda Törebeg üçin ýer goýupdyrlar. Gyz ölenden soň, ony ussanyň gapdalynda jaýlapdyrlar. Kyýamat-magşar güni gelende, bu iki aşyk-magşuk hakyky är-aýal durmuşyny başdan geçirjekmişler.” Bu rowaýat 1958-nji ýylda 50 ýaşly Sadulla Abdyllaýewiň dilinden ýazylyp alnypdyr. (Halimow N. Pamýatniki Urgença. Sooruženiýa, nadpisi i legendy) - Aşgabat, 1991, sah. 48-49

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir