(XII asyr) Köneürgenç etrabynda, Daşgala bilen Tekeşiň ýadygärliginiň arasynda ýerleşýär. Halk arasynda bu ymarat Horezmşasy Il Arslanyň (hökümdarlyk eden ýyllary 1156-1172) we din alymy, filosof Fahreddin Razynyň atlary bilen baglanyşdyrylýar. On iki gyraňly gümmezi bolan bu ymarat Merkezi Aziýa migmarçylyk senedinde seýrek duş gelýän binadyr. Bu gurluşygyň diwarlary daş ýüzünden inedördül çekilip, iç ýüzünde inedördül otagl (3,5x3,6) bolmak bilen galyň diwarlarynda edilen egmekli çuň tagçalaryň hasanyna atanak şekilli ösdürilipdir. Ýokary gitdigiçe çalaja gysylýan dörtgyraň diwarynynyň üstünde 12 gyraňly çadyr şekilli gümmez bilen tamamlanýan 12 gyraňly baraban ýokary göterilýär, onuň her 4 gyraňynda äpişgesi bar. Mawzoleýiz içerki giňişligi daşky keşbine laýyk gelmeýär. Çünki baraban iç ýüzünden stalaktit paruslaryň üstünde goýlan däp bolan sekiz gyraňly bilen çözülipdir. Jaýyň gapyly gündogar diwarynda bişen adaty kerpijiň we oýmurly ýylmanan kerpijiň nagyşly örüminden edilen ajaýyp dekoratiw bezeg bar.Kerpiçleriň örümi içi arkaly oýukly üç sany gönüburçly tagçalarda iňňän çylşyrymly ösümlik nagşyny we arapça ýazgyny emele getrýär. 12 gyraňly barabany ýylmanan kerpiçden örüpdirler. Horezmşasy Il Arslanyň mawzoleýi seýrek duşýan desgadyr. Gyraňlanan çadyr görnüşli gümmezli şuňa meňzeş gurluşyk Orta Aziýada başga ýok.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir