...Bir mu­gal­lym sa­pak­la­ry­nyň bi­rin­de şu he­ka­ýa­ny okuw­çy­la­ry­na gür­rüň ber­ýär: “Sy­ýa­hat ed­ýän gä­mi. Ýo­lag­çy­lar gä­mi­niň üs­tin­de aý­dym-sa­za go­şu­ly­şyp, tans ed­ýär­di­ler. Şat­lyk-gül­ki çar tö­we­re­gi gap­lap alyp­dy. Bir­den­kä... ha­wa, kä­bir ha­dy­sa­lar bir­den­kä bo­laý­ýar-da! Gä­mi ça­la­ja sil­kin­di-de, deň­ziň göz gör­mez düý­bü­ne bat­ma­ga baş­la­dy. Şat­lyk-şa­ga­laň­lyk yz­an-çu­wan­ly­ga öw­rül­di. Hem­me­ler ha­las edi­ji ga­ýy­ga ba­kan yl­ga­dy­lar. Gä­mi­niň ýo­lag­çy­la­ry­nyň ara­syn­da bir­ki ýyl­lyk­da dur­muş toý­la­ry­ny eden iki ju­wa­nam bar­dy. Olar gor­ky-how­sa­la bi­len ha­las ediş ga­ýy­gy­na ba­kan eňdiler. Ýö­ne ga­ýyk­da di­ňe bir adam­lyk ýer ga­lyp­dy. Adam­sy al­jy­raň­ňy ýag­daý­da aýa­ly­na ça­la­ja äňet­di-de, ha­las ediş ga­ýy­gy­na bök­di. Aýa­ly ba­typ bar­ýan gä­mi­de ýe­ke özi ga­ly­ber­di. De­ňiz çag­şan gä­mi­ni hem şol aýa­ly özü­ne çek­ýär­di. Owa­dan ze­nan bir ta­rap­dan, tol­kun­lar bi­len gö­reş­ýär, beý­le­ki ta­rap­da­nam ýol­da­şy­na se­si­ni eşit­dir­mek is­le­ýär. Em­ma how­sa­la dü­şen adam­la­ryň se­si­ni ba­syp, gy­gyr­ma­ga onu­ňam me­ja­ly ýok. Aýt­mak is­le­ýän zat­la­ry we­lin bar­dy”. ...Mu­gal­lym edil şu ýer­de he­ka­ýa­nyň do­wa­my­ny oka­mak­dan sak­lan­dy-da, synp­da­ky okuw­çy­la­ra şu so­wa­ly be­r­di: “Si­ziň pi­ki­riňiz­çe, aýa­ly ýan­ýol­da­şy­na nä­me aýt­mak­çy bol­du­ka?!” Dür­li-dür­li pi­kir­ler be­ýan edil­di. Gark bo­lup bar­ýan aýa­lyň aý­da­ny şeý­le­räk di­ýip çak­lan­dy: “Se­ni ýig­ren­ýä­rin! Göz­le­rim nä­hi­li ga­py­lyp­dyr, se­ni ne­neň ta­na­man­dy­ryn...” Be­r­len jo­gap­lar mu­gal­ly­my ka­na­gat­lan­dyr­ma­dy. Ýüz-keş­bi gam-gus­sa­ly, so­wuk na­zar­ly, çuň oýa ba­typ du­ran bir okuw­çy­sy onuň gö­zü­ne il­di. Mu­gal­lym onuň ýa­ny­na bar­dy hem-de berlen so­wal ba­ra­da nä­me pi­kir ed­ýän­di­gi­ni so­ra­dy. Okuw­çy bi­raz wagt dy­myp dur­dy-da, şeý­le diý­di: – Mu­gal­lym, me­niň pi­ki­rim­çe, aýa­ly ýan­ýol­da­şy­na: “Ça­ga­la­ry­my­za go­wy se­ret, ola­ry go­ra, gol­da...” di­ýip gy­gy­ran­dyr. Mu­gal­lym haý­ran gal­mak bi­len az wagt dy­myp dur­dy-da, okuw­çy­dan so­ra­dy: – Sen bu he­ka­ýa­ty ozal okap­my­dyň!? Okuw­çy kel­le­si­ni ýaý­ka­dy: – Ýok, oka­man­dym! Agyr ke­se­le uç­ran ejem bu dün­ýä­ni terk et­män­kä, ka­ka­ma edil ýaň­ky söz­le­ri aý­dyp­dyr. Mu­gal­lym gy­nanç­ly ýag­daý­da, okuw­çy­sy­na aýt­dy: – Ha­wa, se­niň be­ren jo­ga­byň dog­ry. Soň­ra ol he­ka­ýa­nyň do­wa­my­ny oka­dy: “Gä­mi de­ň­ziň düý­bü­ne çü­müp git­di. Gel­niň ýan­ýol­da­şy öý­le­ri­ne sag-aman bar­dy, ýe­ke özi gyz­la­ry­ny ulalt­dy, ola­ra bi­lim ber­di, dur­mu­şa atar­dy. Ýyl­lar geç­di, gar­ra­dy, bir gün olam aýa­ly­nyň ýa­ny­na - Al­la­nyň reh­me­di­ne git­di.” Gün­ler­de bir gün gy­zy ka­ka­sy­nyň yzyn­da go­ýup gi­den gol­ýaz­ma­la­ry­ny ter­tip­leş­dir­ýär­kä, onuň gün­de­li­gin­den şu ýaz­gy­la­ry oka­dy: “Şol ma­hal se­niň bi­len de­ň­ziň düý­bü­ne, tol­kun­la­ryň ara­sy­na git­mä­ge şeý­le bir how­lug­ýar­dym, em­ma gyz­la­ry­my­zyň hos­sar­syz gal­ja­gy me­ni sak­la­dy. Ba­gyş­la, ezi­zim!” Taý­ýar­lan An­na­je­mal Baý­ram­gel­di­ýe­wa, HTTU-nyň ta­ly­by.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir