Şu gün saňa telwas etdim ýene men, Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi. Azary ýetikdir gaýyn eneňem, Belli däl pahyryň haçan öljegi. Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz, Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem. Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok, Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim? Akyl satýan akylsyzlar köpelip, Ýaşyň on sekize ýeten mahaly. Söýgi aýp zatdyr obada diýip, Guratdylar göze ilen nahaly. Indi-indi şo günleri ýatlasam, Özümi ýazgarýan ilki bilen men. Men batyr ekenim beýnisi ýuka — Durmuşyň al salýan tilkilerinden. Käte seni sorap, barasym gelýär, Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler. Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip, Günler geçip barýar, geçýär hepdeler. Gowy bolsun çagalaryň görjegi, Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz. Seniň günäň däldir, meniňkem däldir, Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz. Çary Ýegenmyradow

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir