Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanda irki we abraýly okuw mekdepleriniň biridir. Şu okuw mekdebi bilim ulgamy üçin başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünärmen okuw mekdebi bolup, döwlet eýeçiligindäki orta hünärmen okuw mekdebidir. Mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde göreldeli zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşan adamlar az däl. Şu mekdepde okanlar – şahyrlardyr ýazyjylardan Aman Kekilow, Şaly Kekilow, Çary Aşyrow, Gara Seýitliýew, ýazyjy Hojanyýaz Amanow, akademik Şamyrat Täşliýew, sahna ussatlary Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Sabyr Ataýewa, belli alymlar professor Gurban Sopyýew, Abdylla Gurbanow, Hojamyrat Baýlyýew dagy dürli döwürlerde şu mekdepde bilim alyp, öz ähli ukyp-başarnyklaryny ýaşlara bilim, edep-terbiýe bermäge bagyş eden adamlardyr. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ýylyň 4-nji martyndaky №16 buýrugyna laýyklykda Poltorask pedagogik tehnikumy hökmünde döredildi. Ol 1927-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtyna öňki milli adynyň gaýtarylyp berilmegi bilen Aşgabadyň pedagogik tehnikumy, 1938-nji ýyldan başlap Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi diýlip atlandyryldy. 1967-nji ýylyň 13-nji iýulynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany esasynda Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine mynasyp boldy. 1975-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 312 belgili karary bilen uçilişşä Aman Kekilowyň ady dakyldy. Aman Kekilow şu mekdepde okap bilim alan, okuwy tamamlandan soň şu okuw jaýynda mugallym bolup zähmet çeken alym, şahyrdyr. 2001-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykaran 146 belgili buýrugyna laýyklykda uçilişşe Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi diýlip atlandyryldy. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada 2012-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen resminamalara laýyklykda orta mekdepleriň okuw möhletiniň 12 ýyla çenli uzaldylmagy, çagalaryň 6 ýaşdan okuwa kabul edilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine ýetirilmegidir. Şol sanda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hem okuwyň möhleti üç ýyla çenli uzaldyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky 12764 belgili karary esasynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda „Total Inşaat Sanayi ve Tijäret A.Ş.“ türk kompaniýasy tarapyndan Aman Kekilow adyndaky 1000 orunlyk Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna girişildi. Ýanaşyk ýerlerinde abadanlaşdyryş işlerini geçirmek bilen birlikde, Mugallymçylyk mekdebiniň täze okuw binasyny, umumyýaşaýyş jaýyndan, naharhanadan, sport toplumyndan, tehniki otaglardan we suw çüwdürimlerinden ybarat bolan beýleki desgalary gurmaklyga ygtyýar berildi. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary hereket edýär. Talyp ýaşlar okuwdan boş wagtlary Mugallymçylyk mekdebinde hereket edýän gurnaklara gatnaşyp, ylym-bilim, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler we ösdürýärler. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde sporta aýratyn üns berilýär. 92 ýaşy arka atan Mugallymçylyk mekdebi şu geçen ýyllarynyň içinde ýurdumyza gerekli hakyky hünärmenleri taýýarlaýar. Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzyň beýleki okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, ýaşlara diňe bilim we hünär öwretmek bilen çäklenmän, Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýan bilim ojagydyr. Dünýä ülňülerine gabat gelýän Mugallymçylyk mekdebiniň täze okuw binasynda talyp ýaşlar okap, ylym-bilim alyp, ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişerler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir