Türkmen aga bir gün dahodyny alyp Kryma, Gara deňize dynç almaga gidýär. Ýeke özi. Näme, biz çol adamsy bolamyzsoň kän ýüzüp bilemizok-da. Ine onsaň Türkmen aga birden gara deňze gark bolmaga başlaýar. Bu-da kömege çagyrýar. Türkmençäni hiç kim bilenok, orsçany bolsa Türkmen aga az bilýä. Bileninden bazar eýläp gygyrmaga durýar: - Ludi! Woda piýu! Buňa ors garyndaşlar: -Peý, peý na zdorowýe ýaşuli - diýýämişler. Ýaşulymyz aljyramaga başlaýar: - Ludi ýa mnogo piýu! Kenardakylar bolsa: - Wody mnogo, peý skolko hoçeş - diýýäler. Ýaşuly kellesini suwdan zordan çykaryp şeýle diýýär: - Towarişşi, ýa POSLEDNIÝ RAZ piýu-u-u-u-u!!!!!

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir