Seret, gamşyň ýele galpyldaýşyny, Synla, säher gülleň ygşyldaýşyny, Gepläp artdyraňdan garşydaşyňy, Dymyp ýaşamagyň özi-de utuş. Kim bar ýaşar bütin ömür dogrynça, Ýeliň güýji gumy ýerden sogrynça, Akyllynyň akylyndan ogrynça, Nadan peýdalanyp ýetişse utuş. Yrak durup, men-menlikden, meslikden, Adam kämil tapar göwni peslikden, Yzyňdan zyňylan gaty kesekden, Güldan ýasamagyň özi-de, utuş. Işledim men munda göwün görmäni, Ýaşadym namarda boýun burmany, Elmydama utjak bolup ýörmäni, Käte utulmagyň özi-de, utuş. Pasyllar hem gelip geçip durandyr, Ýyldyzlar hem ýanyp öçüp durandyr, Nurly geljek gujak açyp durandyr, Ýeňiş halal bolsa, şol uly utuş. Guran agzym teşnelikden suwsaýar, Bütin durkum umman sary owsunýar, Bu gün ýürek ýene ýeňiş küýseýär, Kämilligiň özi sen dälmi utuş?!. Bolaýmagy mümkin bir minudyň giç, Şu üç zady hergiz unutmagyn hiç, „Ynam ganat“, „Ynam söýgi“, „Ynam güýç“, Şolar bar ýerinde seňkidir UTUŞ! Annatuwak Kakaýewa, şahyrana

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir