Häzirki döwürde ýurdumyz innowasion ösüş ýoluny saýlap aldy. Ýubileý ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginleri saklanýar-halkymyz tutanýerli zähmet çekip, köp işleri amal edýär. Döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasy durmuşa üstünlikli amala aşyrylýar, bu işler ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürýär, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek baradaky işler giň gerim bilen alynyp barylýar. Häzirki döwürde dünýäde öňküsi ýaly, nebitiň nyrhlary pes bolmagyna galýar. Bu bolsa dünýä ykdysadyýetine, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir edýär. Emma, muňa garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 9,5 göterim derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzda , öňküsi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen döwrüň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlarynyň möçberi 7,8 göterim artyp, 16 milliard manada golaýlady. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,7 göterim köpeldi. Ýurdymyzda birnäçe taslamalar, şol sanda halkara taslamalary amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň şertnama boýunça umumy bahasy 50 milluiard amerikan dollaryndan hem gowurakdyr. Şol hatarda ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar-institutlar, muzeýler, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we beýleki köp sanly desgalar güýçli depginler bilen gurulýar. Gynansakda, käbir agzy boşlar il arasynda dürly myş-myşlary ýaýradýarlar: puluň hümmeti peseljekmişin, talyp haklary, kömek pullary we pensiýalar aýryljakmyşyn we ş.m. Pursatdan peýdalanyp, şeýle “bilgiçlere” aşakdaky ýaly jogap beresimiz gelýär: Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri we alynyp barylýan syýasat mundan beýläkde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hasda ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu esaslara we türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine eýerip, şeýle hem dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklaryndan ugur alyp, döwlet baştutanymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüni gurmak baradaky Karara gol çekdi – bu öýüň owgan halkyna sowgat hökmünde gurulýandygy aýratyn nygtamaga mynasypdyr. Ydysadyýeti pes ýurt şeýle işleri amala aşyrmaga ukyply bolup bilmezdi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz 5-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde 2016-njy ýylyň Döwlet býudjetini taýýarlamak meselesinde zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we kömek pullaryny azyndan 10 göterim ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Türkmeniň altyna barabar pähimleri we alkyşlary bar. Şolaryň biri hem adamyň adama, goňşynyň goňşa edýän dilegleriniň biridir, ol hem: ”Öýüň, iliň abadan bolsun, işiň we ömrüň rowaç alsyn!”. Eziz ildeşler! It üýrer kerwen geçer diýipdirler. Ata watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler ertirki güne ynamly garamaga kepildir. Öýümiz, ilimiz abadan bolsun, döwletimizdäki adamzat bähbitli başlangyçlar rowaç alsyn!

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir