Türkmen Bitaraplygy ata-babalarymyzyň Adamzat Agzybirligi barada gadymyýetiň jümmüşinden gaýdýan garaýyşlaryna esaslanandyr. Bu taglymat müňýyllyklardan aşyp, özüniň döwrebaplygyny subut etdi, türkmen parasatlylygyny dünýä äşgär etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan watanymyzda halk bähbitli wezipeleri öňde goýmak we çözmek, şol maksada ýetmekdäki öňe gidişlikleri döretmek işinde ilerledýän güýç bolup durýar. Erkana hem merdana halkymyz eziz Watanymyzyň parahatçylygyň we bagtyýarlygyň gujagynda abadan ýaşamagyny we ömür sürmegini maksat edinýär. Türkmen halkynda “Il bilen gelen toýda-baýram” diýen ajaýyp aýtgynyň manysy, dogrusy, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem adamzat ähliniň dünýäde toý-baýram içre dost-dogan bolup, hoşniýetli gatnaşykda, baryş-gelişde agzybir ýaşamagyny ündeýär. Türkmenistan döwletiniň diplomatik gatnaşyklary indi tutuş Ýer ýüzüni gurşap aldy. Dünýä we adamzat Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň, erkana halkymyzyň diňe bir maddy däl-de, eýsem ruhy bütewiligini hem özüne siňdirýär we bu ugurdaky umumy bähbitleriň deňhukukly we özara ynanyşmak esasynda amala aşyrylmagyna tarap ynamly ädim ädýär. “Dost-dost, mamla-rast”, “Söz aýgydy – iş, göz aýgydy-huş”, “Kimdigiňi aýtma, işiň özi görkezer”, “Özüňi-de, özgäni-de iş bilen barla”, “Akylly işinden belli” ýaly türkmen paýhasyny ýörelge edinen Prezidentimiz Bitaraplyk syýasatymyzyň ynsanperwerlik ýoluny ýöredýär. Onda birek-biregi sylamak, çuňňur hormat goýmak derejesini iki tarapyň-da öňde goýulan wezipä we mümkinçiliklere iş bilen, ony anyk hasaba almak bilen maslahatly-geňeşli, oýlanşykly çözgütleri kabul etmek ündelýär. Dünýäde ykrar edilen Prezidentimiziň Ýörite Hökümetara toparlaryny döretmk başlangyjy häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarda özüni äşgär görkezýär we bu syýasy ýörelgäniň ýeke-täk dogry çözgütdigini indi bütin dünýä bilýär. Munuň özi Türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwerlikli ýolunyň gadymy akabadan gaýdyp, döwrebaplaşan syýasy usuldygyny mälim etmek bilen onuň dünýäde umumy kabul ederlik derejä göterilendigine güwä geçýär. Şeýlelikde döwrebaplaşan türkmen bitaraplygy häzirki zaman dünýäsinde ähliumumy parahatçylykly, durnukly ösüşe öz täsirini ýetirýär. Türkmen Bitaraplygynyň döwrebaplygyny ýagşy niýetlerden gelip çykýan adalatlylyk we halallyk düzýär. Ygtybarlylyk, ygrarlylyk, ynam-ygtykatlylyk häzirki zaman dünýäsinde türkmen Bitaraplygynyň abraý-derejesini has-da belende göterýär. Türkmen Bitaraplygy gadymy ruhy-ahlak sütünlere daýanmak bilen halkymyzyň ýagşy, hoş niýetlerini dünýäde amala aşyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli sergilerde, ylmy maslahatlarda, konferensiýalarda, simpoziumlarda türkmen halkynyň açykgöwünliligi, myhmansöýerligi ýurdumyzda öňe sürülýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ähmiýetini hasda artdyrýar. Daşary ýurtlardan gelýän döwlet baştutanlarynyň, işewürleriniň, , alymlaryň sözlän sözüniň soňy hemişe türkmen myhmansöýerligine bolan çäksiz hoşallyk duýgusy bilen beýan edilýär. Ine, şeýle ajaýyplyklara ýugrulan türkmen Bitaraplygynyň döwrebaplygy dünýä dolup, şan-şöhrata beslenip, sebitde we bütin dünýäde islenip barýar. Ol isleglilik bolsa, onuň juda derwaýyslylygyndadyr. Derwaýyslyk bilen adamzat özüniň dogry, ösüşli ýolunyň gadymy köklerini seljerýär we oňa täzeçe öwüşgin, maddy we ruhy güýç berýär hem-de onuň hanasyny giňeldýär. Dünýäde şeýle belent maksatdan ugur alýan türkmen Bitaraplygyny älem-jahan ýenede bir gezek ykrar etdi: Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisi 193 döwletiň goldamagynda Türkmen döwletiniň Hemişelik Bitaraplyk derejesini, onuň ýörelgelerini we hukuk esaslaryny goldaýan ýörite rezelýusiýany kabul etdi. Bu rezolýusiýada şeýle setirler bar: 1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär; 2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga hem-de onuň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini hormatlamaga täzeden çagyrýar; 3. Türkmenistanyň hökümetiniň 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüdini hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna” atly halkara maslahatyny geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar. Bu waka bilen Prezidentimiz ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Bu gutlaga biz hem goşulýarys.

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir