Biziň üstünliklerimizi görmeýän ýa-da görmek islemeýan adamlar biziň aramyzda tapylýar. Olar il arasynda asla bolmadyk we bolmajak zatlary, biderek gep-gürrüňleri ýaýradyp, adamlaryň keýplerine sogan dograjak bolýarlar, şu ýylyň maý aýynda Paýtagtymyzda utanyşsyz adamlar tarapyndan ýaýradylan käbir gürrüňleri ýatlalyň. Hamala indiki aýyň başyndan: Dollar we benzin ýangyjy gymmatlajakmyş, pensiýa, kömek pullary, talyp haklary ýatyryljakmyş, ilatyň aýlyklary azaldylyp, ol serişdeler şäher gurluşygyna gönükdiriljekmiş. Görşümiz ýaly, ýokardaky myş-myşlaryň biri hem amala aşmady. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň gorlarynyň baý döwletleriniň biridir. Bizde ýangyç barada hiç hili mesele ýok, bolup hem bilmez. Hudaýa şükür, ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy saklaýyş, sport, bilim, söwda edaralaryň we nokatlaryň hetdi hasaby ýok. Emma bu çäreleri durmuşa geçirmek üçin halkyň aýlygyny azaltmak zerurlugy hem ýok. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýol-ýörelgäni durmuşa geçirýän Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda adam barada, onuň saglygy, durmuşy, hal-ýagdaýy barada alada Türkmenistan döwletimiziň içeri syýasatynyň özenidir. 2015-nji ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezidentimiz 2016-njy ýylyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamak meselesine ünsi çekip, onda her ýyl edilişi ýaly, täze ýyldan raýatlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 % ýokarlanýandyrmagyny göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady. Şu zatlar göze dürtülip duran ýagdaýynda ilatyň pensiýa, kömek pullary, talyp haklary ýatyryljakmyş diýip gürrüň ýaýradýanlara näme çäre görseň hem bärden gaýdar. Şular ýaly gep-gürrüňler çykarýanlaryň bet niýetlerine yol bermezlik biziň hemmämiziň raýatlyk borjumyzdyr. Biziň jemgyýetimizde biderek gep-gürrüňlere, myş-myşlara orun bolmaly däldir.

Köneler, nexttmm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir