2017-nji ýylda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boyunça 5-nji Aziýa oýunlary” mynasybetli halkara derejesinde geçirmek maksady bilen Aşgabat şäherinde gurulýan “Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumynyň” esasy gurluşyk işleri tamamlanyp, soňky abadanlaşdyryş we bezeg işleri alynyp barylýar. Bu binalar toplumynyň gurluşygy alynyp barylýan döwri halkara olimpiýa federasiýasynyň hünärmenleri birnäçe gezek gelip, gurluşyk işleri bilen tanyşanlarynda binalaryň dünýäniň sonky gazanan ülňelerine laýyk gelýändigi barada ýokary baha berdiler. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň çäginde häzirki wagtda diňe türgenler üçin däl-de çärä daşary ýurtlardan gatnaşjak myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary gurnamak maksady bilen myhmanhanalar gurulýar we öňküleri dünýäniň ülňelerine laýyk durky täzelenýär. Edil şonuň ýaly-da, agzalýan çäräniň ýokary hilli geçirlendigi barada ýokary baha berilmegini gazanmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki köne ýaşaýyş jaýlaryň we gara ýollaryň durklaryny täzelenip, bu uly göwrümli amala aşyrylýan gurluşyk işleri maliýeleşdirmekde hiç bir kynçylygy çekmeýär. Diňe, şäheriň çäginde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň göwrümi uly bolandygy sebäpli, ýerine ýetirilen işleri öz wagtynda maliýeleşdirmek üçin degişli resminamalary resmilleşdirmekde buýryjylar tarapyndan ýetişmän gelyärler.

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir