Halyçylyk türkmen halkynyň örän gadymy senetleriniň biridir. Irki döwürlerden bäri haly sungaty halkymyzyň ruhy we maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Türkmen gyz-gelinleriniň ajaýyp arzuwlary, mähiri, söýgisi, yhlasy siňen nepis halylarymyzyň şan-şöhraty bu gün äleme dolýar. Halyçylyk sungatynyň hem-de aýal-gyzlaryň beýleki el işleriniň taryhynyň zerurlyk ýagdaýlaryna görä dörändigi hakynda aýdylanda, ilki bilen, çig malyň halkyň özünden önenligi seriňe gelýär. Türkmen halysynyň döremeginde türkmen tebigatynyň, haýwanat dünýäsiniň täsiri aýratyn bellärliklidir. Diýarymyzda bitýän dürli ot-çöplerden taýýarlanylan boýaglar, olaryň türkmen halysynyň açyk, goýazy reňkini, berkligini hasyl edýändigini bu senet bilen iş salyşýan hünärmenler aýratyn belleýärler. Saryja goýnuň ýüňüniň inçeligi, ýumşaklygy we berkligi bolsa, türkmen halysyna bütin dünýäde islegiň artmagynda täsiri uludyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda haly ýüwürdip kesmegi, tarada dürli matalary dokamagy, tikin tikip, keşde çekmegi oňarmaýany asla bolmandyr. Gyzlaryň iňňe tutuşy, sapak sapyşy, matanyň ýüzüne gaýma gaýap, nagyş çekişi ene-mamasyndan, özünden ululardan geçen özboluşly mekdep emele getiripdir. Olarda elleriniň ýel ýaly ýeňil hem çalt hereket etmegi, suw ýaly okgunly bolmagyny arzuw edip, öz ilkinji el işlerini suwda akdyryp goýbermek yrymy hem bar eken. Olar el işlerine tejribeleriniň artmagy bilen dura-bara halyça ýüwürdipdirler. Kem-kemden dokmaçylar olary ýanlaryna çekip, halynyň gyzylyny syrdyrypdyrlar, ýylmadypdyrlar. Göl çekip, darak kakmaga rugsat beripdirler. Öz bukjasyny taýýarladypdyrlar. Türkmen halyçylyk sungaty hem-de aýal-gyzlaryň beýleki el işleri arkaly ençeme asyrlaryň dowamynda aýal-gyzlarymyzyň ýaşan gara öýlerini işikden töre çenli bezändiklerini aýratyn belläp geçmek gerek. Gapynyň daş tarapyndan eňsi, gapa kilim asylsa, iç ýüzünden gapylyk gerlipdir. Öýüň tüýnüginden her dürli örülen ýa-da işilen ýüpler bilen bir hatarda dokalyp, ümürduman asylypdyr. Tärimden haly gerlip, gyzyl çuwal, garçyn, dürli torbalar asylypdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen iline dürli maksatlar bilen gelen ençeme syýahatçylar, halk medeniýetini, sungatyny öwrenijiler, halylara sarpa goýup ýygnaýjylar (kolleksionerler), sözüň gysgasy, türkmen halysy barada, oňa bolan garaýyşlaryny, ajaýyp pikirlerini aýdanlar az bolmandyr. Olar öz ýazgylarynda türkmen halylarynyň örän köptaraplylygyny, hilini, gözelligini, berkligini taryplapdyrlar hem-de türkmen halylarynyň naýbaşydygyny, özge halylarynyň seresidigini nygtapdyrlar, wasp edipdirler. Ýeri gelende, diirli döwürleriň syýahatçylaryndan wenesiýaly Marko Polonyň, fransiýaly Moderiň, wenger alymy Artniniý Wamberiniň atlaryny agzamak bolar. Türkmenleriň halyçylyk sungaty badyrlar hem-de türkmen halylarynyň naýbaşydygyny, özge halylarynyň seresidigini nygtapdyrlar, wasp edipdirler. Ýeri gelende, dürli döwürleriň syýahatçylaryndan wenesiýaly Marko Polonyň, fransiýaly Moderiň, wenger alymy Arminiý Wamberiniň atlaryny agzamak bolar. Türkmenleriň halyçylyk sungaty barada söz açyp, akademik W.W.Bartold şeýle ýazýan «Şu günki Türkmenistandan günbatarda ýaşaýan türkmenler barada taryhy çeşmelerde has köp ýatlanylýar, çeşmeleriň içinde türkmen halkynyň taryhy üçin iň gymmatly maglumat XIII asyrda ýaşap geçen arap geografy Ibn Saidiň eseridir. Onuň Kiçi Aziýa türkmenleriniň dürli ýurtlara satlyga äkidilýän halylary baradaky habarlary has gyzyklydyr». Ýazaryň: «Kiçi aziýaly türkmenleriň bu sungaty Orta Aziýadan getirilen bolmagy ähtimaldyr» diýip tassyklamagy taryhy hakykata dogry gelýär. Belli syýahatçy Marko Polo özüniň «Syýahat» diýen işinde Gündogar Anadolyny «Türkmenleriň ýurdy» diýip atlandyrmak bilen, türkmen halysy barada şeýle diýýär: «Siz bilýärsiňizmi, bu ýerde iň inçe we dünýäde iň owadan halylar dokalýar». Türkmen haly önümleriniň ajaýyp nusgalary dünýäniň ençeme ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergileriniň bezegidir. Has guwandyryjy ýeri, dünýäniň ol ýa-da beýleki ýurdunda sergi guralsa, halkara ýarmarkalar geçirilse, türkmen halysy iň ýokary sylaga mynasyp bolýar. Dürli ýyllarda Parižde, Nýu-Ýorkda, Brýuselde, Leýpsigde geçirilen Bütindünýä sergi ýarmarkalarynda türkmen halylary altyn medallara, birinji derejeli diplomlara mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň milli guwanjy saýylýan türkmen halysynyň gymmaty öňküden-de artdy. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uludan toýlanýan Türkmen halysynyň baýramy bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşynyň beýanydyr. Eli çeper gyz-gelinlerimiziň dokan, göreniňde gözüňi dokundyrýan halylary toý-baýramlarymyzyň ýaraşygydyr. On barmagyndan dür dökülýän gyz-gelinlerimiziň dokan owadan halylary bu gün dünýä nur saçýar. Ak mermerli paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda gurlan, ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan haly fabriklerde işleýän eli çeper halyçylarymyzyň şu günlerki dokaýan nepis halylary dünýäni haýrana goýýar. Gudrat bilen dörän mukaddeslige öwrülen türkmen halysy öýleriň törüni bezäp, adamzadyň gözellige teşne kalbyna nur çaýýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir