Hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimleri işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet merkezi hökmünde Aşgabat şäherimiziň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi belläp geçmek baradaky karar Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2013-nji ýylda kabul edildi. Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi paýtagtymyzyň medeni ösüşinde möhüm waka öwrüldi we ak şäherimiz Aşgabady ösdürmek bilen bagly täze, has uly wezipeleri öňde goýdy. «Aşgabat şäheriniň güni» biziň mähriban Watanymyzda gazanylan ösüş-özgertmelerimizi, şäher gurluşygynda gazanan uly üstünliklerimizi, binagärlikde ýetilen belent derejelerimizi dünýä aýan edýän ajaýyp baýramdyr. Şu ýylyň 25-nji maýynda ähli watandaşlarymyzyň söýgüli baýramyna öwrülen bu baýramçylyk ajaýyp paýtagtymyza bolan buýsanç we watansöýüjilik ruhuna beslenip, ikinji gezek giňden we dabaraly bellenip geçildi. Gurbangeldi Nepesow

Köneler, nexttmm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir