Halkymyzyň köňül arzuwynyň beýany bolan türkmen halysy gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýandyr. Şoňa görä-de, ýurt Baştutanymyz bu eserinde halyçylyk sungatynyň diňe bir halk sungatynyň bahasyz ýadygärligi, onuň material baýlygy we beýik ruhunyň nyşany bolman, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýandygyny belleýär. Türkmen halysynda türkmeniň ýaşaýyş medeniýeti, tebigaty, içki dünýäsi beýanyny tapýar. Munuň, dogrudan-da, şeýledigini Arkadagymyzyň «Meselem, türkmenler araba ýüklenýän gara öýler bilen oturymly ak öýleri biri-birinden parhlandyrypdyrlar. Ak öýler türkmen durmuşynda diňe goçüp-gonmak üçin amatly bolman, eýsem, ekologiýa taýdan arassa, söküp-düzmesi ýeňil bolan ýaşaýyş jaýydyr. Onuň üçin halydan gowy zadý oýlap tapmak mümkin däl, ýeňil hem dolamasy aňsat, ol göçülende amatly, köp derde ýaraýar, yssydan, tozandan, sowukdan, içiňden geçip barýan şemaldan, ýagyşdan, çägeden gorap bilýär, gerek bolsa öýi birnäçe «otaga» bölmäge hem ýaramly» diýen setirleri hem subut edýär. Ene-mamalarymyz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda keramiki önümlere salan nagyşlaryny sünnäläp, nepis halylaryna geçiripdirler. Muny Gökdepe etrabynda ýerleşyän, gadymy eýýama degişli bolan Pessejikdepe ýädygärliginden, şeýle hem, Günorta Türkmenistanyň enolit eýýamyna degişli ýadygärliklerinden - Änewdepeden, Göksüýrüden, Altyndepeden, Namazgadepeden, Akdepeden, Ýassydepeden we beýleki ýerlerden tapylan keramiki önümlere salnan türkmen haly nagyşlaryndan görmek bolýar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» atly eserinden ýene-de bir jümläni mysal getiresimiz gelýär. «Geň galdyrýan ýeri, enolit döwrüniň haly nagyşlarynyň diňe bir keramiki gap-gaçlarda hem däldigidir. Arheologlar Änew 1-däki ybadathanada gazuw-agtaryş işini geçirenlerinde şowlulyk ýaran boldy, olar diwarlary dürli reňkler bilen bezelen gyzyl üçburçluklaryň, ýerligi çal-gara çarçuwalaýyn küşt tagtasynyň tertibinde ýerleşdirilen şekilleriň üstünden bardylar. Arheologlar başga bir ýerde, häzirki Kaka şäherçesiniň ýanyndaky mis-daş asyryna degişli Ýassydepede başga bir üýtgeşik materialyň üstünden bardylar. Bu ýerde-de ybadathana bar bolup, onda diwara çekilen birnäçe gatdan ybarat şekilleri - gara hem gyzyl reňkli romblary tapdylar, olar halynyň ritminde gaýtalanyp gelýän, gyrasyna hekden gurşaw edilen şekillerdi. Eýsem, bu näme, diwarlara çekilen halylar dälmi?!». Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuwagtaryş işleriniň netijesinde rus arheology I.M.Hlopiniň 1972-nji ýylda Sumbarjülgesinde we oňa ýakyn bolan Parhaý deresinde haly dokamak üçin zerur gurallar bolan ikleri we bürünçden ýasalan gadymy haly keserlerini tapmagy türkmen halyçylyk sungatynyň müňýyllyklara uzap gidýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada hem hormatly Prezidentimiz kitabynda şeýle belleýär: «Günorta-Günbatar Türkmenistanda, Sumbar jülgesinde köp ýyllap geçirilen gazuwagtaryş işleri netijesinde biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllyga degişli bürünç keserleriň tapylmagy has möhüm ähmiýete eýedir». Arheolog W.I.Sarianidiniň belleýşi ýaly, «Türkmen halylaryndaky keşdeleriň we nagyşlaryň irki keramiki önümlere salnan nagyşlar bilen ýakyndan meňzeş bolmagy hem ol halylary pars we kawkaz halylaryndan tapawutlandyrýar». Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän delilleriň ýene-de biri 1947 - 1949-njy ýyllarda rus arheology Rudenko tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Daglyk Altaýyň Teles kölüniň golaýyndaky 5-nji Pazaryk depesinden Oguz türkmen halysynyň nusgasynyň tapylmagydyr. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitabynda bellemegine görä, «...ýüň ýüplükden örän syk dokalan, sugunlaryň, bürgüt ganatly ýolbarslaryň, atlaryň şekili çitilen bu düşek 1949-njy ýylda daglyk Altaýda şalaryň mazar gorganynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Özem haly örän gowy saklanypdyr, oňa şol ýeriň howa şertleri sebäp bolupdyr, çünki gonamçylyga suw hem howa girip, haly buzuň içinde doňup galypdyr We çüýräp gitmändir...». Ata-babalarymyz bu halyny dokanlarynda 7 tebigy reňki: gök, ak, sary, ýaşyl, pil süňki, açyk goňur, goňur reňklerden ussatlyk bilen peýdalanmagy başarypdyrlar. Hytaý ýyl ýazgylaryna salgylanýan türk taryhçysy Emel Esiniň «Pazyryk halysy Oguz türkmenleriniň sungat eseridir» diýip ýazmagy, şeýle hem, görnükli türk sungatşynasy Diýarbekirliniň Pazyryk halysynda şekillendirilen atlaryň arkasyna atylan gotazlyja eýerlikleriň Anadoly türkmen taýpalarynyň köpüsinde häzirki günde-de ulanylýandygyny bellemegi ol halynyň hakyky türkmen halysydygyna ýene-de bir gezek güwä geçýär. Türkmen halylary beýik Seljuklar döwründe has hem kämilleşipdir. Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, «Pazyryk» halysyndaky atlaryň eýerligini we ondaky taýajyklary türkmen-seljuk miniatýuralarynda-da görmek bolýar. «Pazyryk halysyndaky bölünýän dörtburçluklarda Seljuk sekizburçlugynyň nusgasyny we häzirki zaman türkmen haly göllerini synlap bolýar. Haly bezeginiň şu görnüşini häzire çenli biziň ussat halyçylarymyz ulanyp gelýärler». Türkmen halylary X-XIII asyrlarda Ýewropa ymykly aralaşypdyr. Şoňa görä-de, Ýewropada Täzeden döreýiş eýýamynyň belli suratkeşleri öz eserlerinde türkmen halylarynyň nagyşlaryny ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz öz dokan halylaryna diňe bir gölleri we nagyşlary salmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli janly-jandarlaryň şekillerini çekmegi hem başarypdyrlar. Soňraky döwürlerde hem türkmen halysy öz maddy we ruhy gymmatlygyny ýitirmän, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Çünki halk pähimlerine görä, «Suw türkmeniň jany bolsa, at türkmeniň ganatydyr, haly bolsa kalbydyr».

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir