Hemmämize mälim bolşy ýaly soňky döwurde paýtagt şäherimiz bolan Aşgabady döwrebaplaşdyrmak, ony ýaşaýjylar we myhmanlar üçin ýaşamaga we gezelenç etmäge amatly etmek ugrunda, şeýle-de dünýä ýüzüniň owadan şäherleriň hataryna goşmak barada işler giň gerimde alnyp barylýar. Emma gynansakda käbir daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýa-da käbir daşary ýurt raýatlary ýurdumyzda halkymyz üçin edilýän aladalaryň düýp manysyna düşünmän, kesä çekilip, beýan edilýän ýagdaýlary hem görmek bolýar. Men Watanyma gara ýöňkemek bilen bagly bolan şeýle ýagdaýlara biperwaý seredip bilmän, Türkmenistanyň raýaty hökmünde şol zatlary düşündiresim gelýär. Takyk aýdanymda Çoganly daçalar toplumy boýunça köp sanly ýarym-ýalan maglumatlar köp ýaýbaňlanýar. Ozal ömrüne özgäniň aladasyny etmediik käbir ysnatlar, pursatdan peýdalanyp, halkyň aladasyny edýän hatarynda orta çykyp, dürli daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýapa gelmeýän sözleri aýtmagy bütin ýurdumyzyň abraýyna zeper ýetirýändigine düşünýälermi kä? Ýa-da düşünseler-de şahsy bähbitleri iliň bähbidinden olar üçin ilerimi kä? Ýöne, beýle bir-iki sany ilinden üzňe ýaşaýanlaryň samramalaryna garamazdan, beýleki raýatlaryň aglaba bölegi ähli aladalaryň kanun esasynda raýatlarymyz üçin edilýäandigine dogry düşünýär. Ýeri gelende aýtsak, biziň ýurdumyzda hem daşary ýurtlaryň öz raýatlaryny söýişi ýaly we olaryň hak-hukuklaryny gorap saklaýşy ýaly Türkmenistanyň abraýyny gözümiziň göreji ýaly goramagymyz gerek. Türkmenistandа esasy şygyrlarynyň biri "Döwlet adam üçindir" diýen sözler bolup, öňe barýan ýurdymyzda raýatlarymyzyň arkaýyn ýatyp-turmaklary üçin, ösüp gelýän ýaş neslimiziň ylym-bilim, terbiýe bermek üçin edilýän aladalar hem şu pursatda ýeri gelende belläp geçmäge mynasypdyr. Munuň üçin ähli ugurlardr döwletimiziň raýatlarymyz üçin edýän aladalaryny hem mysal hökmünde görmek bolar. Atamyrat Annaýew.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir