Asmalyk - toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan haly. Bu haly bilen gelniň münýän düýesi bezelýär. At haly - atyň arkasyna atylýan haly. Genneç - eňsiniň daş ýüzünden öýüň bosagasynyň bezegi üçin ulanylýan haly önümi. Düýe dyzlygy - toý günleri düýäniň öň aýagynyň dyzyny bezemek üçin ulanylýar. Oňa «düýe dyzlyk» hem diýilýär. Iklik - ik we ikbaş saklamak üçin ulanylýan haly önümi. Kejebelik - toý güni kejebäni bezemek üçin ulanylýan haly önümi. Torba - gap-gaç we ownuk zatlary saklamak üçin niýetlenen haly önümi. Ümürduman - öýüň içini bezemek üçin ulanylýan haly. Olar öýüň tüýniigini saklaýan uklaryň uçlaryna berkidilýär. Horjun - ýolda-yzda götermek we ownuk zatlar saklamak üçin niýetlenen haly önümi. Uk ujy - göçiilende ulanylýan haly, ol öýüň ugruna geýdirilip daňylýar. Çuwal - geýim we öý goşlaryny salmak üçin ulanylýan haly önümi. Eýerlik - atyň üstüne ýazylýan haly önümi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir