1880-1917-nji ýyllaryň arhiw resminamalarynyň esasynda biz dokalyşy, arassalygy, reňkiniň berkligi we owadanlygy babatda türkmen halyçylarynyň dokan halylarynyň dünýäde iň gowy halylar hasaplanýandygyny bilýäris. Türkmen halylarynyň şeýle nepis çykmagynyň öz syrlary bolupdyr. Ak göwünli, myhmansöýer türkmen halky Zakaspi oblastyna gelýän syýahatçylara, barlag geçirijilere tiirkmen halysynyň dokalyşyny hiç zady gizlemän aýdyp berende-de, ähli zat jikme-jik ýazylyp, ylmy iş topary tarapyndan barlananda-da, türkmen halysyna meňzeş haly dokap bilmändirler. Türkmen halysyny dokanlarynda, halyçy gelin-gyzlarymyz ähli zada üns beripdirler. Mysal üçin: - goýun ýüňüni boýamazdan ozal ýokary hilli ak arassa ýüňi ýörite niýetlenen küýzelerde, aýratyn üýtgeşik düzümli zäkli erginiň, bugdaý däneleriniň şerbetinde saklapdyrlar ýüňi zäklemegiň dowamlylygy ýüňi haýsy reňke boýaýanlygyňa bagly bolup durýar; halyçylyk senedinde ulanylýan boýaglary diňe ösümliklerden alypdyrlar, goýy gyzyl reňke boýamak üçin ýüňi erginde 12-14 gün, ýaşyl reňk almak üçin 4-5 gün, sary reňk üçin bolsa 1 gün saklapdyrlar; birwagtlar haly dokalanda, ony suwa, atýataklarda atlaryň aşagyna oklapdyrlar, atlara depgiledip, soň suwda ýuwupdyrlar. Şol halylar lowurdap, özboluşly öwüşgin atypdyr. Tebigy boýaglar ulanyp dokalan halylar hiç wagt solmaýar, olar ömürlik bolýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir