Hawa, şahyr aýtmaly sözi jaýdar aýdan. Soňky günlerde il arasynda şum myş-myşlar eşidilip başlady, ýagny hamana benziniň nyrhy ýene gymmatlajakmyş, döwletiň çagalara berýän kömek puly-da kesiljekmiş, pensionerler hem alýan pensiýalaryndan mahrum boljakmyş... Gör nähili boş ýaňramalar. Şeýle myş-myşlara gulak gabardýanlar – sada gözli körler, dawul ýaýradýanlaryň özi – “poh içinden monjuk gözleýän hakyky zandy haramylardyr”. Biziň Türkmenistan watanymyzyň ajaýyp şu güni bar, enşallah ertirimiz has hem röwşen bolar. Her bir akyl-huşy ýerindäki adam az-salym pikir etse, biziň döwletimiziň maddy gymmatlyklarynyň çäksizligini göz öňüne getirse, Watançy halkymyzyňam hyjuw bilen çekýän zähmetini ýada salsa – nesip bolsa myş-myşlary ýaýradýanlaryň päl-niýetleriniň tersine, biziň geljegimiz has hem parlak bolar. Myş-myşlary ýaýradýanlar gybatkeşler, gybatkeşlik bolsa biziň dinimizde iň bir erbet görülýän zatlaryň biridir. Ata-babalarymyzdan gelýän arassa ahlagyň terbiýesini alýan nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwründe, şu ajaýyp durmuşymyzy her-hili ýollar bilen bulajak bolýan ýaman niýetli ýaranaz adamlar halkymyzyň aňyna – zeper ýetirjek bolup synanyşýar. Ýüküň egrisiniň uzaga gitmeýändigi sebäpli, şeýle adamlaryň ýürek bulaýjy ýalan sözlerine hem biziň jemgyýetimizde ýol ýokdur. Halal ýol bilen barýan Döwletimize, halkymyza zyýan ýetirjek bolýan adamlara biz hiç-haçan ýol bermeli däldiris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyz “daşy-jäjek-içi-möjek” ýalan sözler bilen jemgyýetimiziň halal ýaşaýşyny görüp bilmeýänlere şeýle diýipdir. Öňüň gara, ardyň gözle, Hoş sözüň diý, gahryň gizle. Sözläbilseň – ýagşy sözle, Halk ýamanyň bizarydyr.

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir