Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň; — Türkmen halysynyň şekillendiriş diliniň köpdürlüligi we çylşyrymlylygy — bu halyçylyk hünäriniň köp müňýyllyk taryhynyň netijesidir — diýen sözleri hem nepis halylarymyzyň asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Taryha ser salanymyzda türkmen halysynyň nagyşlarynyň gelip çykyşynyň, döreýşiniň hakyky esaslarynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Halynyň nagyşlarynda türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň ösümlik we haýwanat. dünýäsi suratlandyrylýar. Türkmen haly önümleriniň özboluşly aýratynlygyny saklap gelen nagyşlarynyň naýbaşysy halynyň merkezini bezeýän göllerdir. Haly gölleri iň gadymy bolup, ol diňe ýere düşelýän halylara salnypdyr, özi-de şeýle göller halynyň merkezinde ýerleşdirilipdir. Soňra göller ownuk haly önümlerinde peýda bolup başlapdyr. Göller gadymdan bäri dowam edip gelýän asyl nusgalaryny, reňk utgaşmalaryny ýitirmän, ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halylarynda duşýan gölleriň köpüsiniň ölçegi sekizburçly görnüşde bolup, onuň içinde guşlaryň, haýwanlaryň şekiliniň bolmagy olaryň has gadymy nagyşdygyny görkezýär. Göllerdäki her dürli şekiller oguzlaryň däp-dessurlary bilen bagly (IX-XI asyrlar) diýip, käbir edebiýatlarda aýdylýar. Halylarda guşlaryň şekilleriniň bolmagy ýöne ýerden däldir. Oguz taýpalarynyň her biriniň toparynyň, taýpasynyň ady guşlaryň adyndan durýan eken. Göller — giden bir taryh, onuň gizlin syrly nagyşlary — uly bir hazyna. Olar barada rowaýatlar, aýtgylar, nakyllar halk arasynda köp duş gelýär. Aslynda «Göl» sözüniň gelip çykyşy hakynda dürli çaklamalar, rowaýatlar bar. Käbir rowaýatlarda «göl» sözi köl sözünden gelip çykypdyr. Käbir edebiýatlarda bolsa «Göl» sözi «gül» sözünden bolmaly diýen çaklamalar hem orta atylýar. Bu ýerde bir zady bellemek gerek. Haçan-da «Göl» sözi «köl» ýa-da «gül» sözündendir diýip çaklananda, esasan, «tekegöl» göz öňünde tutulýar. Emma türkmen halylarynda gölleriň sany, görnüşleri diýseň köp. Olar biri-birine meňzemeýär. Gadymdan gelýän göller tire-taýpalaryň atlary boýunça tutulýar. Mysal üçin, tekegöl, ýomutgöi, salyrgöl... Eger, hakykatdanam şeýle bolýan bolsa, ýagny, göller tire-taýpalaryň ady bilen tutulýan bolsa, onda şol göller şol taýpanyň tagmasy bolandyr diýsek ýalňyş bolmaz. Gölleri synlanyňda gölleriň daşy gök, ýaşyl, gyzyl we gara reňkler bilen aýlanandygyny görmek bolýar. Şol aýlawyň — gölüň içinde bolsa guşlaryň, ösümlikleriň şekilleri ýerleşdirilen, göýä şol aýlawlar galanyň diwarlary bolup içinde janly tebigat görünýän ýaly. Bu bolsa «Göl» sözi «Gol» sözünden gelip çykandyr diýen çaklama itergi berýär. Türkmenlerde «Gol» aşyp gelipdir», ýa-da şol manyda «il aşyp, ýurt aşyp» gelipdir hem diýilýär. Bu pikiri öňe sürmegimiziň sebäbi Oguzhän döwründe Oguz taýpalarynyň hersiniň öz tagmasy bolup, şol tagma bilen öz ýurduny, obasyny görkezendir. Häzirki döwürde her döwletiň özboluşly milli Tugrasy bar. Olarda şol ýurduň öz beýikligini, baýlyklaryny, mirasyny görkezýän tagmalar, şekiller ýerleşdirilen. Şol sanda biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli Tugrasynda mähriban Watanymyzyň gözellikleri, baýlyklary, milli mirasy görünýär. Her bir döwür özi hakynda gürrüň berýän nagyşlardyr gölleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeçe öwüşgine eýe bolýan haly nagyşlary geljeklei nesillerimiz üçin nusga bolup galar. Annatuwak Kakayewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir