2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medni paýtagty diýip yglan edilen Mary ýene-de dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Gadymy Murgabyň kenarynda ýerleşýän şäher TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2015-nji ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Margiana- Merw-Mary – bu atlar, öz goýnunda gadymy türkmen topragynyň beýik wakalary barada hakykaty saklamak bilen, taryhyň gatlary bilen yzygiderli baglanyşyklydyr. Gadymy grekleriň Margiana diýip atlandyran Marguş ýurduny Garagumyň çägelikleri uzak wagtlap hemmelerden gizledi. Orta asyrlarda arap diliniň täsiri netijesinde bu çäkler Merw diýlip atlandyryldy, häzirki wagtda bolsa bu – garaşsyz bitarap Türkmenistanyň Mary welaýaty diýlip atlandyrylýar. Bütin dünýäniň alymlarynyň ykrar etmekleri boýunça, Marguş Ýegipet, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlar bilen bir hatarda Ýer ýüzüniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň biri bolupdyr diýlip hasap edilýär. Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm nokatlarynyň biri we gülläp ösýän Margiananyň paýtagty bolupdyr. Onuň taryhy öz kökleri bilen müň ýyllyklaryň jümmüşine aralaşýar. Zoroastrizmleriň mukaddes “Awesta” kitabynda Merw barada ýazgy görnüşinde ilkinji ýatlamalar saklanýar hem-de ol takmynan bizň e.ö. VIII-VI asyrlara degişlidir. “Müň bir gijede” Merw Arap Halifatlygynyň dolandyryş we medeni merkezi hökmünde ýatlanylýar. Şäher köp asyrlaryň dowamynda iň iri medeni we ylmy merkez bolupdyr. Şol döwürde ýaşanlaryň baha bermekleri onuň geçmişdäki şöhratyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýyl ýazgylaryny düzüjiler Merwi “Horasanyň şäherleriniň enesi” we “Älem-jahanyň şäheri” diýip atlandyrypdyrlar. ХI asyrda Türkmen-Seljuk imperiýasy höküm süren döwründe onuň has gülläp ösen döwri bolupdyr. Hut şonda hem Merw “Şahu-jahan” diýlip atlandyrylypdyr. 1118-nji ýylda Seljuk imperiýasynyň soňky hökümdary Soltan Sanjar Merwi öz döwletiniň paýtagty diýip yglan edipdir. Şäher öz alymlary, şahyrlary we filosoflary bilen meşhur bolupdyr. Bu ýerde dürli döwürlerde dünýä belli lukman Abu Ali ibn Sina, akyldar, alym we şahyr Omar Haýýam, matematik we astronom Ahmad ibn Abdallah al-Merwezi, şahyr Enweri, liriki žanryň gaýtalanmajak ussady, “söýgüniň we gözelligiň” beýik waspçysy Mollanepes ýaly beýik şahsyýetler ýaşapdyrlar we döredipdirler. Merw medeniýet we ylmy merkez hökmünde Gündogaryň halklarynyň medeniýetiniň ösmegine özüniň täsirini ýetiripdir. Merwiň örän baý kitaphanalary Gündogaryň meşhur alymlarynyň ünsüni çekipdir. Olar bu ýere seýrek duş gelýän kitaplar bilen tanyşmak üçin gelipdirler. Sasanid patyşalygynyň soňky patyşasy Ýezdigerd–III-ň Merwe pehlewi golýazmalar kitaplarynyň müň sanysyny getirendigi mälimdir. Geografiýaçy al-Istarhi: “Halifatlygyň harby ýolbaşçylarynyň köpüsi..., şeýle hem kanuny öwrenijiler we dilçiler Merwden çykdy. Bu adamlar özleriniň zehini we bilimi bilen tapawutlanypdyrlar. Barzue ady bilen meşhur bolan lukman Eýranyň beýleki pars lukmanlaryndan saýlanypdyr, Barbud atly sazanda bolsa beýleki aýdym we saz bilen meşgullanýanlardan tapawutlanmagy başarypdyr” diýip, ýazypdyr. Merwiň meşhur obserwatoriýasy hem uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Mansur ibn Talha ondan peýdalanmak bilen IХ asyrda “Sfera düşündiriş” atly işini döredipdir. Gadymy Murgabyň kenarynda ýerleşýän bu gadymy şäher diňe bir bagtly günleri we gülläp ösüşleri başdan geçirmän, eýsem gaýgyly günleri hem başdan geçiripdir. 1221-nji ýylda mongol goşunlary Merwi ýer bilen ýegsan edýärler. Onuň harabaçylyklary mukaddes bolup, olar Gadymy ýa-da Gadymy Merw diýen ady alypdyr. Täze Merw diýen düşünje ХV asyrda döräpdir hem-de Amir Timuryň ogly Şahruhyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol Gadymy wMerwiň gündogarynda özüniň ulylygy boýunça iň uly şäheri dikeltmek kararyna gelýär. 1407-nji ýylda ol Täze Merwiň düýbüni tutýar we on ýyldan soňra galaly, köşki-eýwanly uly şäher döreýär. Şäher gaýtadan döredidi, emma öňki abraýyny gazanyp bilmedi. ХIХ asyrda ol doly pese düşýär we onuň soňky ýaşaýjylary bu ýerini taşlap gidýärler. Ýöne tiz wagtdan 1824-nji ýylda hywa taryhçylary Munisiň we Agahiniň şaýatlyk etmeklerinde esaslandyrylan öňki Merw ady bilen täze şäher esatafetany alýar. Bu ýerde 1840-njy ýylda bolan angliýanyň wekili Jeýms Ebbot şol wagtda uly bolmadyk bu şäheriň ilkinji ýazgysyny beýan edýär.1884-nji ýylda söwdanyň ösmegi, soňra bolsa demir ýolunyň çekilmegi netijesinde, Merw ep-esli giňedi. 1937-nji ýylda ol Mary diýlip täzeden atlandyryldy. Häzirki wagtda Gadymy Merwiň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizildi. Özüniň ikinji ýüz ýyllygyny ýaşaýan häzirki zaman Mary şäheri zawodlaryň, fabrikleriň we önümçiligiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynyň köp sanlysy bilen ýurduň iri ulag aragatnaşykly, pagtaçylyk, energetika we gaz senagatly merkezi, şeýle hem Mary welaýatynyň medeniýet we dolandyryş merkezi bolup durýar. Häzirki Mary şäheriniň medeniýet merkezleri – gadymy türkmen topragynda dikeldilen muzeýler, kitaphanalar, teatrlar, metjit şäheriň iň bir gözel ýerlerine öwrülip, bu günki gün biziň Margiana-Merw-Şahu-jahan diýen atlary baglanyşdyrýan ägirt uly medeni gatlaklaryň üstüni ýetirýär.

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir