Halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary we biri-birinden oňat durmuş edim-gylymlary bar. Olar haýsydyr bir haýyrly işiň başyny tutanda, hökman onuň yrsgally hem-de bereketli bolmagyny dileg edýärler. Sebäbi, bereket diýmek bolelinligi, hasyllylygy, iň esasy-da hümmetliligi aňladýar. Çünki, bereket bar ýerinde, hereket bar ýa-da hereket bar ýerinde bereket bar. Şol berekediň hümmet taýdan gymmatly orunda durmagy bolsa, has-da ezizdir. Daýhan uly umyt-arzuwlar bilen: “Bissimilla bereket“ diýip, ýere tohum sepende, geçip barýan adamlar: ”Ýer berekedini bersin!”, “Tohumyň müňläbersin!“, “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, daýhanyň armasyny ýetirýärler. Şonuň ýaly-da ýetişdirilen bol hasyly ýygnap ýören adamlara: “Harmanyňa bereket!” ýa-da “Çäjiňe bereket!” diýýärler. Olar hem öz gezeginde: “Ömrüňe bereket!” diýip jogap berýärler. Ezelinde, her bir işe bolan yhlas we adamlaryň birek-birege aýdýan hoş sözleri hem-de ýagşy doga - dilegleri geljekdäki bereket bagyýarlygynyň rowaçlanmasydyr. Aýdyşlaryna görä, ömürboýy gumda goýun bakyp ýören çopan bir gün ýagşyzada duş gelipdir. Ýagşyzada oňa: “Oglum, öňem Hakyň beren döwletini ýerini bilip harç edişiň Allatagala hoş gelipdir. Saňa Hakdan ýene-de erada bar, dile-dilegiňi“ diýipdir. Çopan bolsa, näme dilejegini bilmän kellesini tutup, böwrüne diň salyp kän oýlanypdyr. Ahyr başyny ýerden göterip, ellerini asmana serip: “Eý, gudraty güýçli beýik biribar, seniň merhemediň çäksizdir, maňa ýene-de öňkiň ýaly baýlyk ber. Ýöne, men bu gezekki beren baýlygyňy özüme siňdirmän, mätäçlere paýlajak. “Ajygana nan, ýalaňaja don berjek“ diýipdir. Çopanyň bu sözlerini eşden ýagşyzada: “Häý, çopan oňarmadyň. Hudaý ajygana nan, ýalaňaja don berjek bolsa özi görmän ýa-da gurbaty çatman duranok ahbetin. Ezelinde, haktagala hezreti Adam ata bilen How enemizi ýaradyp: ”Seniň we perzentleriň yrsgalyny ýeriň üstünden hem-de ýeriň astyndan berendirin. Senden hereket-menden bereket” diýipdir” diýip gözden gaýyp bolupdyr. Ýeri sürdüm, çöwürdim, Ekin ekdim suwardym, Harman atdym, sowurdym, Herekete-bereket. Yhlas gerek adama, Eger-eger ýadama, Goşul göwün şadyma, Herekete-bereket Bir iş tutsaň il oňlar, Edip bolup, soň ýeňlär, “Ýoly, bir ýörän ýeňer” Herekete-bereket Ösüşlerde badalgam, Bagtyýarlyk ýörelgäm, Arkadagymyz göreldäm, Herekete-bereket Harmanyňyza bereket mähriban adamlar!

Köneler, TDUayka tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir