Kazy jenaýat işine seredýär: -Siziň ýazan arzaňyzda görkezişiňize görä aýyplanýan size «Akmak» diýipdir. Şu dogrumy? - Gaty dogry. - Onda men siziň näme üçin arza ýazanyňyza düşünmeýärin. *** Dükanda ýelpewaç satylýar. -Näme üçin ýelpewaçlaryň görnüşi meňzeş bolsada, olaryň biriniň bahasy bäş ýüz, beýlekisiniňki altmyş?-diýip, alyjy sorapdyr. -Gymmat bahaly ýelpewaçda ýelpenip bolýar, arzanynda ýelpenmek üçin kelläňi eýläk-beýläk galgatmaly. *** -Meniň hyzmatkärim hälişindi gandymdan ogurlaýar. -Meniňk-ä ogurlap bilmeýär. -Näme üçin? -Men gant goýýan gutyma hemişe siňek salyp goýýaryn. Şol siňek ýerinde bolmasa, gandymyň ogurlananyny dessine bilýärin. *** -Ilki maşgala bolan wagtlaryňyzda adamyňyzyň gowy taraplary barmydy? -Bardy, ýöne indi ýeke teňňesi-de galmady. *** -Eý, ýigit, maňa bir etli nahar getiriň. -Höwes bilen. -Höwessiz getirseňizem bor. Ýöne hökman kartoşkaly hem köpräk bolsun. *** -Bu şatlama sowukda köçede näme işläp ýörsüň? -Çakyrly çüýşämi elimden gaçyryp döwdüm-de, doňaýsa şony ýygnaýyn diýip durun. *** -Aýagyňdaky täze alyp beren köwşümmi, oglum? -Hawa, kaka. -Onda ol tozmaz ýaly ädimiňi giňräk ädip ýöre. *** -Kaka, näme üçin biziň goňşymyz her gün kebap -Sebäbi, ol pomidor ýetişdirmäge ýaltanýar. *** -Sen ertir hökman bize gel. Men saňa goňşymyzyň nähili myhmansöýerdigini görkezeýin...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir