BÄŞ AÝAKLY GOÝUN Atajan Annaberdi iki-üç sany kellebaşaýak alyp, myhman çagyrypdyr-da, myhmanlar gidensoň: «Işimi gördüň sen» diýip, aýalyna igenmäge haslapdyr. Hiç zatdan habarsyz aýaly: «Näme edenmişim men?» diýip, ör-gökden gelipdir. Şonda Atajan: «Wah, siz üçin ýörite janly soýdum» diyip, öwnüp otyrdym welin, sen bir kelle bilen bäş sany aýak getirdiň otury-berdiň-ä. Heý, bäş aýakly goýun gördüňmi?» diýip, aýalyna bolan wakany düşündiripdir. IGENÇ IÝÝÄN Günortan nahar wagty golaýlaşyberende aýaly Gurbanjemal Atajana igenip oturan eken. Galaba nahar wagty peýda bolýan goňşusy gapydan boýnuny uzadyp: «Işdäň açyk bolsun goňşy, bu gün näme iýýäň?» diýipdir welin, Atajan: «Men-ä igenç iýýän goňşy, iýerin diýseň, senem geçiber!» diýen. AGZYŇY AÇMAN OTUR! Atajan Annaberdiniň Hümmet gara diýen bir gap-gara, sazanda dosty bar eken. O1 bir üýşmeleňde Atajan Annaberdä: «Atam, men-ä sowuklapdyryn, garşy bolmasaňyz, sazy pejiň öňüne geçip çalaýjak» diýýär. Atajan bolsa: «Çalsaň çal, ýöne agzyňy bir açman oturaweri. Birden, peçsiň öýdüp, biri agzyňa kömür oklaýmasyn!» diýipdir welin, oturanlar gülşüberipdir. ÝATYRYP GITMÄGE GELEN BOLAÝMASALAR Atajan Annaberdilere dört-bäş sany myhman gelipdir-de, turar ýerde turmandyr. Gijäň bir wagty daş çykan Atajana aýaly Gurbanjemal: «Myhmanlaryň ýatymlyk gelipmi?» diýipdir welin, Atajan: «Aý, ýok, ýatymlyg-a gelmändirler, ýöne ýatyryp-gitmäge gelen bolaýmasalar_» diýip, ukuly gözlerini owkalaşdyrypdyr. ÝÜZ BERMÄWERI Atajan Annaberdi bilen Nobatguly Rejep bir toýda otyrkalar, olaryň ýanyna bir nätanyş ýigit gysmyljyrap gelipdir welin, Atajan: «Nobatguly jan, ýüz bermäweri, ikimizi tanaýan bolsa, ol ýa ýaş şahyrdyr, ýa-da tamadadyr» diýip, gaýra-gaýra çekiliberipdir. ABRAÝ Atajan Annaberdi toýa alyp gitmek üçin ökde akkordeonçy dosty Annadurdy Amanyňka barypdyr. Annadurdy geýnip çykyberjek bolupdyr welin, Atajan dulda duran akkordeony görkezip: — Anna jan, «abraýyňam» alaýaly diýipdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir