Ìñ ilkinji söýlen zenan! Ìlkinji söýgimdi pylan gyz diýýän, Näçe sözlesede ýalandyr ýene. Çünki dünýä gelen,her ynsan üçin, Ìlkinji söýülen zenandyr ene. Bu söýgi çäksizdir,soñy ýokdur hiç, Gel mysalyn berjek gözün dolmasa. Ene,ene,ene diýip aglarsyn, Seni urup duran, eneñ bolsada. Enäñ,urgusuda bal bile ýagdyr, Jennet olan aýagynyn astynda. Türkmen enesine käbäm diýýändir, Ìki käbä togap etýäs aslynda. Käbe ýaly mukaddesdir eneler, Käbe mukaddesdir eneler ýaly. Her iki käbäni ýatlasam herhal, Didelerim ýa$ly,damagym doly. Penjiräñ öñünde, ýetimhanada, Togalajyk gözler, umytly gözler, Enäñ nämedigni bilmeýänlerñiz, $ol gözlere bakyn,damjalar sözlär. Gadryn bilin,güller serin ýoluna, Bägüller tutdurun enäñ goluna. Güller enelerin elinde gözel, Mazarystandaky da$ ba$ynda däl. Git eneñi og$ap-og$ap gujakla, Herkes seniñ ýaly,nesibeli däl. Ykbal ýodalary

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir