Ömür sallançagna salynan günüm, Aglap, eñrändirin - ony duýmadym. Soñ-soñlar saýgaryp, atam-enemi Mähir ojagynda oýnap doýmadym. Sag bol, çagalygym! Hoşal men senden. Diñdirdiñ aglasam, a:rman oýnatdyñ. Bir gün oýunjaklam alyp elimden Ýetginjeklik ýollaryna ugratdyñ. Bilýärdim bu ýollañ uzakdygyny, Hemem şeýle gysgadygyn syzýardym. Asfaltdan bolmadyk durmuş ýolunda Käteler ýykylyp, ýolum sozýardym. Düşünýän ýalydym barça zatlara, "Tiz ýetsem" diýýärdim ýigitligime. Aklym kesebilmän duran pursatlam Gözüm ýetdi entek kütekligime. Ynha, bu gün bolsa, ömür kerwenim, Ýaşlyk saraýynda kän düşlän ýaly. Nätjek, saklap bolmaz, belli zat ahyr Ýene dowam eder başlanan ýoly. Indiki menziller has alysmyka? Haçan ýetirerler ol kämillige? Ýöne şükür edýän, galar sabyr hem Gojalyk, garrylyk... ýol kän "illere"! Ykbal ýodalary

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir