Wengriýanyň paýtagty Budapeştiň kinoteatrlarynyň birinde «Kino görmek» boýunça ýaryş geçirilipdir. Ýaryşyň ahyrynda 52 ýaşly wengriýaly bir adam ýeňiş gazanan. Berilýän maglumatlara görä, wengriýaly goja yzyny üzmän, 104 sagatlap multfilme tomaşa edipdir. 52 ýaşda şonça wagtlap multfilme tomaşa eden gojanyň «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girmek arzuwy bar eken. Emma 104 sagat meşhur kitaba girmek üçin ýeterlik bolmady. Çünki, «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girmek üçin 124 sagat gerekdi. Muňa garamazdan, wengriýaly tomaşaçy Wengriýa boýunça rekord gazandy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir