Ilki bilen ýaltalyk daragtynyň köküne palta urup, yrsgal daragtynyň köklerini çöpläp, oňa yhlas hem-de mähir zerrelerini goşup, bereket jamynda zähmet dessesi bilen hereket sokusynda mazaly ýençmeli.Soňra olary garyşdyryp, kanagat gazanyna salyp, üstünden halallyk suwuny guýmaly.Günüň nurly çogunyň astynda, yşkyň odunda birkemsiz bişirmeli. Taýýar bolan melhemi kerem degirmeninde üwäp, rehnet tirinde sowurmaly. Ine şeýle usulda taýýar bolan melhemden peýdalansaňyz özüňizi ýeňil duýarsyňyz.Ýaltalyk, biagyrylyk siziň bedeniňizi terk eder. Açlyk bilen mätäçlik eger-eger golaýyňyza gelmez. Eliňiz uzan ýerine ýetip, döwletiňiz artar Annatuwak Kakaýewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir