Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň 28-nji apreli – türkmeniň döredijilikli täze eýýamynyň taryhyna altyn sahypany ýazan şanly gün! Milletimiziň uçar ganatyna, göwün guşuna, köňül buýsanjyna hem guwanjyna öwrülen ahalteke atlarynyň şanyna belentden tutan toýunyň yzyny ýene bir täze toýa seplän ajaýyp sene! Ol bize älemi haýrana galdyran şanly wakasy bilen egsilmez şatlyk, çäksiz buýsanç bagyşlady. Tutuş dünýäniň ünsüni bolsa Garaşsyz, Baky Bitarap, parahatçylyk dörediji ata Watanymyza gönükdirdi. Ýurdumyzyň Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “TürkmenÄlem 52 E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmaga taýýardygyny aýdyp, göterijini goýbermäge rugsat soran pursaty, Aşgabat bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “SpaceX” kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda guralan teleköpri arkaly şanly wakanyň göni ýaýlyma alnyp berilmegi bagtyýarlyk döwrümizde ähli il-ulsumyz üçin ajaýyp buşluk bolup ýaýrady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňdengörüjilikli, çuňňur paýhasa ýugrulan başlangyçlary bilen ýudumyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup, uçuşa taýýar edilen Türkmenistanyň emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylyş dabarasy dünýä ýaň saldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ilkinji “TürkmenÄlem 52 E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň kosmos giňişligindäki täze üstünliklerine badalga berdi hem-de türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä dolduran şanly waka teleköpri arkaly tomaşa etmek, emeli hemrany göterijiniň göz gamaşdyryjy ýalkym bilen asmana atylyşyny synlamak bolsa iň bir bagtly pursatlar hökmünde biziň hakydamyza hemişelik ýazyldy. Badalga! Türkmeniň täze döredijilikli eýýamynyň ýüzüni açyp görkezýän, her bir adama ruhubelentlik bagyşlaýan jadyly söz. Türkmeniň emeli aragatnaşyk hemrasynyň badalgasy-döwrümiziň täze ösüşlerine, özgerişlerine açylan rowana ýol. Ol ýol niýeti aklygyň, kalby päkligiň, parahatçylyk söýüjiligiň, döredijiligiň, täzeligiň hem täzelenişiň ýoly. Hormatly Prezidentimiziň emeli hemranyň badalga alyş pursatlarynda aýdyşy ýaly, bu ýol döwletimiziň hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlaryndan ugur alýandygynyň alamatydyr. Ol parahatçylykly maksatlara gulluk eder. Döwlet Baştutanymyzyň: “Bu aragatnaşyk hemrasy milli tele we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli inretnet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder” diýen sözleri raýatlarymyzyň her biriniň kalbyna iň mähirli duýgulary bagyşlady. Bu iň döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde öýjükli aragatnaşyk ulgamyny gurnamaga ýardam berjekdigi, şeýle-de maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigi barada milli Liderimiziň aýdanlary hem buýsançly buşluk bolup ýaňlandy. Bu gün toýlary-toýa, baýramlary baýrama ulaşýan ýurdumyzyň şan-şöhraty älem-jahana dolýar. Emeli aragatnaşyk hemrasynyň işläp başlamagy bilen bolsa, ençeme ýurtlar berkarar döwletimiziň beýik tutumlary, bedew batly gadamlary bilen öz wagtynda yzygiderli tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Emeli hemrany ýer üstünden dolandyrmak maksady bilen Ahal welaýatynda hemrany dolandyrmak Merkeziniň, Daşoguz welaýatynda bolsa ýerüsti dolandyryş hemra merkeziniň döredilmegi hemra aragatnaşygynyň hilini ýokarlandyrar. Elektrik geçiriji birnäçe ulgamlaryň, şeýle-de goşmaça generatorlaryň we akkomulýatorlaryň ornaşdyrylmagy bolsa Merkezi we bekedi elekrtoenergiýa bilen bökdençsiz üpjün eder. Emeli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlary hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, sebit hem-de umumyadamzat bähbitlerinden gözbaş alýan beýik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen gülläp ösýän ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterer. Antennasynyň täsir ediş zolagy Ýewropanyň, Aziýanyň onlarça döwletlerini, şeýle hem Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Aziýanyň ýurtlaryny öz içine alýan emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine üstünlikli çykarylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly gadamlarynyň rowanalygynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengňörüjilikli beýik başlangyçlarynyň rowaçlygynyň, türkmeniň saýlap alan asudalyk, agzybirlik, döredijilik ýollarynyň röwşenliginiň, halkymyzyň arzuw-islegleriniň wysalyna gowuşýanlygynyň aýdyň alamatydyr. Biz bu tolgundyryjy şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, özüniň döwletli tutumlary, belent özgertmeleri, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen il-ulsumyza bagtyýarlyk bagyşlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Köneler, Amantalyp tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir