Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şeýle-de ak şäherimiz Aşgabatda täze sport toplumlaryny, köpugurly stadionlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny gurmak işi depginli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň taryhy merkezinde ikinji nobatdakysynyň gurluşyklary alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginiň täze binalarynyň hatary barha artýar. Golaýda, geçirilmegi däbe öwrülen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň bir aýlygynyň çäginde hormatly Prezidentimiziň toý bagyny kesmegi bilen dabaraly ýagdaýda açylan “Bagtyýarlyk” sport toplumy hem sporta göwün goýan ýaşlarymyz üçin üýtgeşik sowgat boldy. Ajaýyp sport şäherine, iň sagdyn we ruhubelent adamlaryň ýaşaýan paýtagtyna öwrülýän Aşgabatda sportuň dürli ugurlary bilen içgin gyzyklanýan, ussatlyk babatda ähli halkymyza görelde-nusga bolýan milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan köpugurly sport toplumy açylan gününden ildeşlerimiziň iň köp gelýän ýerine öwrüldi. Çünki toplumda çagalardyr-ýaşlar üçin hem, ulular üçin hem türgenleşmäge, geçirilýän ýaryşlara tomaşa etmäge, medeniýetli dynç almaga ähli şertler döredilipdir. Ýaşlarymyz bu ýerde ussat tälimçilerden sapak alýarlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklere höwesli gatnaşýarlar. Sport bilen gyzyklanýan aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary bolsa bu ýerde geçirilýän sport bäsleşiklerine höwes bilen tomaşa edýärler. Köpugurly sport toplumynyň desgalarynyň hatarynda 190 adamlyk suw toplumynyň, kiçi ýaşly çagalar üçin ýüzüş howzunyň, 2 sany akwoparkyň bolmagy ýurdumyzda suw sportuny ösdürmek üçin edilýän taýsyz tagallalara ýene bir mysaldyr. Akwoparklaryň dürli suw haýwanlarynyň şekilleri bilen bezelmegi çagalaryň ünsüni çekýär. Bu ýere gelýän oglanjyklardyr-gyzjagazlar suwda ýaşaýan her dürli jandarlary synlamakdan, suwda ýüzmekden lezzet alýarlar. Kiçi çagalar üçin ýüzüş howzy bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrülen ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň çagalykdan sportuň iň peýdaly görnüşi bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmek barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň sport toplumynyň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, suwda ýüzmek örän peýdaly, ol dem alyş ýollaryna, öýkeniň zerur bolan giňemegine, ähli myşsalaryň berkemegine, bedeniň oňat keşbiniň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şeýle-de suwda ýüzmek çagalarda ynamlylygy, terbiýeliligi, özbaşdaklygy we beýleki gowy häsiýetleri ösdürýär. Toplumda döredilen bilýard zaly dynç alyş bilen sportuň utgaşdyrylmagy baradaky aladanyň miwesidir. Çünki bu gyzykly oýun bilen meşgullanmagy, şeýle-de oňa tomaşa etmegi köpler halaýarlar. Köpugurly “Bagtyýarlyk” sport toplumynda 2 sany trenažor zaly, 1 sany gimnistika zaly bolup, olarda iň döwrebap sport enjamlary ornaşdyrylypdyr. Trenažor zallary eýýämden sporty halaýanlaryň, şeýle-de öz bedenini berkitmegi, saglygyny dikeltmegi maksat edinenleriň köp gelýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň owadan we peýdaly görnüşleriniň biri bolan gimnastika bilen meşgullanýan çagalaryň sany barha köpelýär. Muňa toplumyň gimnastika zalynyň her gün köp adamlydygy hem güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä doldurmak barada edýän tagallalary türkmen ýaşlaryny ganatlandyrýar. Özleri barada edilýän aladalardan ruhlanýan ýaş türgenlerimiziň sportuň boks görnüşinden halkara bäsleşiklerinden altyn, kümüş medallar bilen dolanyp gelýändigi muňa şaýatlyk edýär. Köpugurly sport toplumynda boks zalynyň döredilmegi bolsa geljekde sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlaryň hataryny has hem artdyrar. Toplumda sportuň woleýbol, basketbol, gandbol görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite zal döredilipdir, şeýle-de howluda açyk tennis meýdançasy, kiçi futbol meýdançasy, basketbol we woleýbol meýdançasy abzallaşdyrylypdyr. Bu gyzykly sport oýunlarynyň, bäsleşikleriniň tomaşaçylary üçinem tomaşa ýerleri döredilipdir. Köpugurly täze sport toplumy diňe bir türgenler we tomaşaçylar üçin amatlylygy bilen çäklenmän, eýsem, özüniň kaşaňlygy, ýanaşyk ýerleriniň täze baglara we güllere beslenenligi bilen hem töweregiň mermer binalaryna, şeýle-de paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine birenaýy sazlaşyp, göwnüňi galkyndyrýar.

Köneler, Amantalyp tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir