Häzirki wagtda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň geçirilmegine bütin ýurdumyz boýunça uly taýýarlyk işleri geçirilýär. Taýýarlyk görme işleriniň çäginde Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar we Bitarap döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherimizde Aziýada - 2017-ä dünýä döwletlerinden geljek köp sanly mertebeli myhmanlary türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen hem-de ýokary derejede mynasyp kabul etmeklik hemmämiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Şoňa laýyklykda hem häzirki wagtda paýtagtymyzyň içini we çetlerini abadanlaşdyrmaklyga uly üns berilýär. Çoganly şäherçesinde Daşoguz ýolunyň ugrundaky we Şor şäherçesindäki bagbançylygy ösdürmek üçin bölünip berlen ýer meýdançalarynyň (daçalaryň) talaba laýyk ulanylmaýandygy we onuň şäherimiziň häzirki zaman binagärlik durkuna laýyk gelmeýändigi üçin hem-de ol ýerlerde arassaçylyk, weterinar, ýangyna garşy kada-düzgünleriniň, daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň berjaý edilmeýändigi sebäpli, häkimlik edaralary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Bu daça ýerlerde ýaşaýjylara dynç günleri dynç almak we baglary ekmek şeýle-de 20 göterim ýerinde bagbançylyk jaýjagazlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulan. Emma, gynansakda, bu ýer meýdançalarynda (daçalarda) ýokarda görkezilen talaplaryň berjaý edilmän uly-uly ýaýaşyş jaýlarynyň bikanun, birugsat gurulýandygyny, köp jaýlaryň raýatlara ýaşamak üçin kärendesine birugsat berilýändigini we şoňa laýyklykda ýeri ulanyşyň, daşky gurşawy goramagyň bozulýandygyny hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgüniň bozulýandygyny biziň hemmämiz hem bilýäris. Bölünip berlen bu ýer meýdançalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň birugsat gurulmagy we ýollaryň daralmagy netijesinde bolsa “Ýangyn söndüriji” we “Tiz kömek” awtoulaglaryň bökdençsiz hereket etmegine uly päsgelçilikler döredilýär we käbir ýagdaýlarda ýaýaşjylar tarapyndan tebigy gazy bikanun çekmek hem-de ulanmak ýaly ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Şonuň üçin hem paýtagtymyzyň raýatlaryna bag ekmek üçin bölünip berlen bu ýer meýdançalarynda bellenen tertip-düzgüniň doly berjaý edilmändigi sebäpli, degişli şäher häkimlikleri tarapyndan Daşoguz ýolunyň ugrundaky we Şor şäherçesindäki daçalarda arassaçylyk işlerini geçirmeklik alnyp barylýar. Geçirilýän bu çäreleriň ilkinji nobatda tertip-düzgüniň ýola goýulmagy we şäherimiziň çetleriniň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi iň gözel, iň arassa we ähli taraplaýyn ösen, döwrebap şähere öwürmek boýunça bellenen wezipeleriň çäklerinde alnyp barylýandygyna biziň hemmämiziň raýatlyk borjumyz bilen düşünmegimiz zerurdyr. Durdy Amantaganow

Köneler, Ishli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir