Şu günler Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar giň gerim aldy. Ak şäherimiz Aşgabat bolsa esasy dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen başlandy. Dabara “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy. Köpetdagyň etegindäki, daş-töweregi läle-reýhana öwrülen ýaşyl bossanlara beslenen, baýramçylyk lybasyndaky topluma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, şanly baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumlaryna gatnaşýanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular ýygnanypdyr. Halkara bäsleşiginiň deslapky tapgyrlarynyň juda çekeleşikli hem-de gyzykly geçendigini aýratyn bellemek gerek. Ussat atşynaslarymyz tarapyndan bimöçber yhlas siňdirilip ýetişdirilýän bedewlerimiz biri-birinden owadanlygy, biri-birinden gylyklylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň 10-sy toplumyň syn ediş meýdançasyna yzly-yzyna çykaryldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 10 bedew hem tebigy gözelligi, ýakymlylygy, akyllylygy, ajaýyp zerbaplary bilen biri-birinden peslär ýaly däl. Tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna göwni göterilen bedewleriň her biriniň milli mukamlara aýak goşup, messan-messan basyşyna, oýun-baz bilen owadan ýörişine, berlen tabşyryklary kemsiz-köstsüz ýerine ýetirişine syn edeniňde, göwnüň uçar guşa öwrülýär. Şeýle gözel pursatlara taý geljek zat, megerem, hiç ýerden tapylmasa gerek. Milletimiziň ruhy ganatyna öwrülen bedewlerimiziň muşdaklary biri-birinden owadan atlary synlap lezzet aldylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry atşynaslaryňam, çapyksuwarlaryňam, olardan tälim alýan ýaşlaryňam buýsanjyna buýsanç goşdy. Buýsançly başyny dik tutup dabaraly ýörişi bilen tomaşaçylary haýran galdyrýan, dyzyny epip, baş egip toý mähellesine tagzym edýän ajaýyp ahalteke atlarynyň arasyndan iň owadany, iň gözeli Bitaraplyk atly ajaýyp bedew saýlanyldy. Ol “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen derejä hem-de göçme Nyşana mynasyp boldy. Gözel kamatly, guş kimin ganatly bedewiň eýesine baş baýrak bolan awtomobiliň açary we göçme Nyşan gowşuryldy. Gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndan soňra, türkmen atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň hem jemi jemlenildi. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ada Gutlyýew bedew atyň şekili çitilen halysy, Saragt Babaýew iň gowy bedew heýkeli, zergär Çarymyrat Sähedow iň gowy zergärçilik işi, Berdimyrat Toýçyýew iň gowy surat eseri, Enwer Abalakow iň gowy neşir önümi, Gurbangeldi Gurtgeldiýew iň gowy telegepleşik üçin baş baýraklara mynasyp boldular. Dabaranyň ahyrynda at çapyşygy geçirildi. Halypa çapyksuwarlaryň erk edýän ýelden ýyndam bedewleri hemmeleriň ünsüni özüne örkledi. Biri-birinden çalasyn bedewler tomaşaçylara ýatdan çykmajak tolgundyryjy pursatlary bagyşladylar. Bäsleşikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän ýyndam bedewleriň eýelerine ýeňil maşynyň açary gowşuryldy.

Köneler, Ishli tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir