Öýkeleşip, biri-biri bilen gepleşmeýän är-aýal hat ýazyşýarlar. «Meni 7.30-da oýar» diýip, äri ýazýar. O1 ertesi dokuzda oýananda bolsa: «Tur, eýýäm sagat ýigrimi minuty kem sekiz boldy» diýen ýazgyny okaýar. * * * —Kaka, ol adam mugallyma meňzeýär. —Näme üçin? —Sebäbi ol oturgyçda oturmazdan öň, ony gowy barlap gördi. * * * Awçylar üýşüp, öz başdan geçiren täsin, gyzykly wakalary dogrusynda gürrüň edýärdiler. Birisi şeýle gürrüňe başlady: —Çölde ýeke özüm barýardym. Birden gaplaň öňümden çykdy. Ataýyn diýip, tüpeňimi çenesem, ol göçmedi. Gaçaýyn diýip, maşynyma münsem, o-da otlanmady. Men ylgap gaçyp, beýik agaja dyrmaşyp başladym... —Bagyşlaň—diýip, oturanlaryň biri dillenýär. —Çölde beýik agaç ýok ahyry. —Ýa senem-ä, şonuň ýaly gyssagly ýagdaýda onuň ýaly sähelçe zatlar kimiň ýadyna düşýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir