3 ýaşynda şa boldy, täjini geýmek üçin 15 ýyl garaşdy. Ugandadaky Toro şalygynyň şasy bolan kakasy 1995-nji ýylda aradan çykanynda 3 ýaşynda bolan we töweregindäkiler tarapyndan «Dünýäniň iň ýaş şasy» , diýlip yglan edilen Oýo Nýimba Kabamba Iguru Rukidi 2010-nji ýylda resmi ýagdayda täç geýdi. Ugandanyň günbataryndaky Fort-Portalda täç geýmek dabarasy ýaş şanyň 18 ýaşyny doldurýandygy üçin geçirilen bolsa, şähere degişli depäniň üstünde ýerleşýän köşgündäki dabara raýatlarynyň müňlerçesi gatnaşdy. Şalygyň metbugat kätibi Frederik Nýakabwa Atwoki: «Şamyz 3 ýaşyndaka tagta geçdi, ýöne, özbaşdak, hiç kime garaşsyz işläp bilmek üçin 18 ýaşynyň dolaryna garaşmaga mejbur boldy. Şalygymyzda 94 taýpa bar. Her taýpanyň hem bir lideri bar. Şamyz hem ähli taýpalaryň lideridir. Biz şamyza ilki bilen kimdigini öwrederis» diýdi. Ýaş şanyň şol ýylyň sentýabrynda uniwersitete okuwa girjekdigini mälim eden metbugat kätibi, şu sebäpli onuň ýerine wagtlaýynça biriniň taýýarlanmagynyň zerurdygyny nygtady. Täç geýmek dabarasyna Ugandanyň döwlet baştutany Ýoweri Musewenidir köp sanly ýokary derejeli ygtyýarlylar bilen birlikde Afrika ýurtlarynyň ençemesinden ygtyýarly gatnaşdy. Däp bolup gelýän Toro şalygy XIV asyrda döredil-di. 0l Milton Oboteniň ýola salan düzgüni tarapyndan 1966-njy ýylda ýatyrylypdy. Toro Museweni tarapyndan 1994-nji ýylda simwolik görnüşde täzeden emele getirilen 5 şalygyň biridir. Onuň ygtyýary diňe medeni pudakda çäkli bolmak bilen birlίkde, uly syýasy täsire eýedir. Libiýanyň lideri Muammer Kaddafi bilen juda ýakyn gatnaşykdadygy aňdylýan şalyk maşgalasynyň ýaş şasy «Arsenalyň» ölemen muşdagydyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir