"Titanik" gämisi barada hemmämiz bilýän bolsak gerek. "White Star Line" şereketine degişli ýolagçy gämisi "RMS Titanigiň" gurluşygyna Irlandiýanyň Belfast şäherindäki werfde 1909-njy ýylyň 31-nji martynda başlanylýar. Gämi 1912-nji ýylda gurlup gutarylýar. 26 aýlap dowam eden gäminiň gurluşygyndan 11 müň 300 adam zähmet çekýär. Uzynlygy 269 metr, giňligi 28,2 metr bolan gäminiň agramy 66 müň gros tonna barabardyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 43 kilometre ýetýärdi. Gämi ekipažy bilen bilelikde 3 müň 547 ýolagçy alyp bilýärdi. Gämi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde kapitan Smitiň ýolbaşçylygynda Angliýanyň Sautgempton şäher-portundan Nýu-Ýorka tarap dürli şertler bardy. Ýüzülýän howuz, sport salony, hammam, kitaphana, tennis korty ýaly zatlar bardy. Gämidäki elektrik energiýasy ulgamyna bug generatorlary tarapyndan tok berilýärdi. "Titanik" 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinden 15-ne geçilýän gijesi Nýu Faundlendiň günortasynda Atlantik ummanynda aýsberge urlup gark bolýar. Gäminiň heläkçilige uçramagy bilen 1 müň 517 ýolagçy aradan çykýar. Gämi şol wagtky iň äpet ýolagçy gämisi bolmak bilen tapawutlanýardy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir