Günler bizi sabyrsyzlyk bilen garaşýan güneşli Diýarymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna barha ýakynlaşdyrýar. Ýurdymyzda Aziadany, şeýle-de milli we halkara derejesindäki ýaryşlary, çempionatlary geçirmeklige uly şertleri döretjek, beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde uly orun tutjak Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmägä giň mümkinçilik döredýär. Bilşimiz ýaly, Aziada — 2017 dünýä halklaryny ýakynlaşdyrmak, bütin dünýäde parahatçylygy, dostlugy we oňyn hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmak ýaly maksatlara hyzmat edýär. Şoňa görä-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmek wajypdyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi, bir tarapdan, ýurdumyzda amal edilýän sport syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýanlygyny alamatlandyrýar. Ikinji tarapdan bolsa ol Watanymyzyň syýahatçylyk meýdanynyň giňligini, gözel tebigata baýlygyny, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýynyň näderejede ösenligini, ak şäherimiz Aşgabadyň gözelliklerini, däp-dessurlarymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, myhmansöýerligimizi, ynsanperwerligimizi, dünýä halklary bilen dost-doganlygymyzy ýene-de bir gezek äleme ýaýmaga mümkinçilik açýar. Şol mümkinçilikden netijeli peýdalanmak üçin-de uly tagallalar edilýär. Şunda Aziada gatnaşjak myhmanlary mynasyp garşylap, olarda Watanymyz barada ýagşy ýatlamalary galdyrmak wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Ählimize mälim bolşy ýaly, myhmana hormat-sarpa goýmak pederlerimizden gelýän dessurlarymyzyň naýbaşysydyr. «Myhman ataňdan uly», «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen ýaly parasatly sözler hem myhmansöýerlige ýugrulan edim-gylymlarymyzyň hakydalarymyza çuňňur ornaşanlygynyň aýdyň subutnamasy. Aziada — 2017-ä gatnaşmak üçin Watanymyza geljek daşary ýurtly türgenlerdir beýleki ynsanlar hem türkmen myhmanparazlygy bilen garşylanyp, olara ýokary derejede hyzmat ediler. Olimpiýa şäherçesinde bina edilýän iri desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän 450 orunlyk döwrebap myhmanhananyň, kaşaň maslahatlar zalynyň, kafe-baryň, dükanlaryň, dellekhanalaryň, fitnes salonyň, saunalaryň, üsti ýapyk we açyk görnüşli suwa düşülýän howuzlaryň, şäherjigiň çäginde gatnajak otlynyň we şulara meňzeş döwrebap hyzmatlaryň ençeme görnüşleriniň bolmagy myhmanlara hem-de ildeşlerimize bökdençsiz hyzmatyň ýola goýuljakdygyny doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport güýç-gaýratyň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylmanyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň sportuny höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdymyzda sporty ösdürmekde edýän aladalarynyň netijesinde milli türgenlerimiziň Aziada — 2017-de özleriniň ussatlyklaryny görkezjekdiklerine şübhelenmese bolar. Sebäbi halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlardyr çempionatlarda türkmen Tuguny belentden parladýan türgenlerimiziň sany günsaýyn köpelýär. Muňa mysal hökmünde salgylanara görkezijiler näçe diýseň bar. Şunda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça geçen ýylyň noýabrynda geçirilen halkara ýaryşyny buýsanç bilen ýatlap bileris. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir